DÜNÝÄ

Hazar deňzi boýunça duşuşyk

2023-nji ýylyň 24-25-nji ýanwarynda Aşgabat şäherinde Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky Hazar deňziniň düýbüni çäklendirmegiň meseleleri boýunça bilelikdäki Iş toparynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä,  türkmen wekiliýetine Hazar institutynyň müdiri, Türkmenistanyň Hazar deňzi boýunça ýörite wekili M.Atajanow, azerbaýjan wekiliýetine bolsa Daşary işler ministriniň orunbasary, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň Serhetler we Hazar deňzi boýunça ýörite wekili H.Halafow ýolbaşçylyk etdi.

Şeýle hem duşuşyga Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri gatnaşdy.

Duşuşygyň barşynda bilelikdäki iş topary Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda Hazar deňziniň düýbüni çäklendirmek baradaky Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky Ylalaşygyň taslamasynyň düzgünleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Related posts

Dünýädäki iň howply agaç

Türkmenistan GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň mejlisine gatnaşar

Halkara guramalaryna başlyklyk edýän ýurtlar

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment