BIZNES

Özbegistan Türkmenistandan nebit satyn alar

Özbegistanyň “Özbekneftegaz” kompaniýasy Türkmenistandan nebit satyn almagy meýilleşdirýär. Bu satyn alnan nebit Buharanyň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda gaýtadan işleniler.

“Özbekneftegaz” kompaniýasynyň berýän maglumatyna görä, şu ýyl Türkmenistanda iş alyp barýan “Petronas Çаrigali” kompaniýasyndan nebit satyn almak göz öňünde tutulýar. Bu barada “Özbekneftegaz” kompaniýasynyň ýolbaşçylary “Petronas Çаrigali” kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşdy. Daşkent geirilen duşuşykda taraplar nebiti ibermegiň maksatnamasyny bilelikde taýýarlamak boýunça ylalaşdylar.

“Petronas Çаrigali” kompaniýasy Türkmenistanda Hazar deňzinde nebit we gaz ýataklaryny özleşdirmek işini alyp barýar. Bu Malaýziýanyň “Petronas” kompaniýasynyň golçur kährnasydyr.

Related posts

“Milli Goşun” dergisinden Asya oyunları özel sayısı

vepa

Merkezi Aziýanyň ilkinji kripto birŽasy

vepa

“Tesla”-nyň 50 milliard dollarlyk ýitgisi

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment