Ählimiziň bilşimiz ýaly türkmen ülkesinde toýlar-toýlara, baýramlar baýramlara ulaşýar. Şeýle dabaralaryň şanyna bolsa ähli jemgyýetçilik edaralarynda ýörite baýramçylyk çäreleri geçirilýär.
Şeýle dabaralar mekdebe çenli çagalar edaralarynyň hem okuw binasyny şeýle-de bagyň gün tertibini bezeýär. Häzirki wagtda çagalar bagynda ählihalk we milli baýramçylyklary dabaraly we şatlykly belläp geçmek gowy däpleriň birine öwrüldi. Bu ajaýyp ýörelge ähmiýetliligi taýdan tapawutlanyp, özüniň terbiýeçilik täsiri bilen oňat netijeleri ýüze çykarýar.
Mekdebe çenli çagalar edaralarynda geçiriljek baýramçylyklaryň meýilnamasy birnäçe gün öňünden çagalaryň ýaş aýratynlyklary, baýramçylyklaryň many-mazmuny göz öňünde tutulyp düzülýär we tassyklanýar. Şatlyk-şagalaňly, şüweleňli, aýdym-sazly dürli gyzykly oýunlar bilen bellenilip geçilýän baýramçylyk dabaralary, säherlikleri, göwnaçma çäreleri çagalara juda içgin täsir etmek bilen olaryň aňynda uzak wagtlap saklanýar hem-de ruhubelentligi artdyrýar.
Mekdebe çenli çagalar edarasynda guralýan baýramçylyk çäresini ir säher bilen ertirlik iýilenden soň, entek çagalar ýadamanka, günüň birinji ýarymynda başlamak talabalaýyk hasaplanýar. Şeýle-de, çagalar bagynda geçirilýän baýramçylyk dabarasy uly we mekdebe taýýarlaýyş toparlarynda 40-45 minut, orta we kiçi toparlarda bolsa 30-35 minut dowamlylygynda geçirilse, maksadalaýyk bolar. Eger-de ertirlik baýramçylyklarynyň dowamlylygy uzaga çekse, çagalaryň ýadamagyna, olaryň höwes-islegleriniň gaçmagyna getirip biler.
Guralýan baýramçylyk çärelerine körpeleriň hossarlary (ene-atalar ýa-da olaryň ornuny tutujy), golaýda ýerleşýän mekdeplerden başlangyç synp mugallymlary, goňşy çagalar bakja-bagyndan myhmanlar çagyrylsa has-da täsirli we netijeli bolar.
Çagalar bagynda terbiýelenýän körpeleriň ata Watana, il-halka hormatly Prezidentimize bolan çaga söýgülerini ösdürmekde, milli we medeni mirasymyzy öwretmekde, etiki, estetiki gözelligi gazanmakda, sözleýiş medeniýetini ösdürmekde, işjeňligi talap edýän hereketler arkaly beden saglygyny berkitmekde, çykyşlary ýerine ýetirmek arkaly çagalaryň ukyplaryny baýlaşdyrmakda umuman çagalaryň sowatlylyk, zehinlilik we terbiýeçilik derejesini ýokarlandyrmakda özüniň oňyn täsirini ýetirýän köpçülikleýin dabaraly çäreler başlananda gutlag sözleriniň aýdylmagy bilen açylsa ýerlikli bolar. Birnäçe baýramçylyk senelerini her bir topar öz topar otaglarynda hem belläp biler. Şeýle-de şu çärelerde terbiýeçi çagalara toý gününiň ähmiýetini many-mazmunyny, terbiýeçilik derejesini düşündirmegi hem ünsden düşürmeli däldir.
Mysal üçin, mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenen çagalary mekdebe ugratmak dabarasy däp bolup gelýän baýramçylyklaryň biri. Şu baýramçylygyň üsti bilen çagalarda birek-birege bolan ysnyşygyň hemişe dowam bolmagyny, başga ýerlerde, mekdepde biri-birlerini görenlerinde hoşamaý görüşmegi, wepalylygy, dostlygy saklamagy öwretmegi we beýleki ynsanperwer gatnaşyklaryny terbiýelemegi gazanmak mümkinçiligi bar.
Bagda geçirilýän islendik dabaraly çärä her bir toparyň terbiýeçisiniň, aýdym-saz mugallymynyň has işjeň gatnaşmagy zerurdyr. Olar geçiriljek çärä ilkinjileriň hatarynda taýýarlyk görüp başlamalydyr. Geçirilýän taýýarlyklaryň sapaklara päsgel bermezden guralmagyny üpjün etmek gerekdir. Çärä çagalary işjeň çekilmegi, olaryň isleg-höwesli gatnaşmaklary gazanylmaly ýadaýdyr. Baýramçylygyň meýilnamasyna laýyklykda çagalaryň goşgulary ýat tutmaklaryny, aýdym aýdyp, tans etmeklerini, degişme sahnajyklaryny ýerine ýetirmeklerini, olaryň içinden has ezberlerini, zehinlilerini saýlap almagy we olaryň san taýdan köp bolamgyny gazanmak hem bu babatdaky esasy wezipeleriň biri hasaplanýar.
Baýramçylyk ertirligi geçirilip gutarlandan soň bolsa, onuň guralşyna nobatdaky maslahatda ara alyp seljermek we baha bermek işi ýerine ýetirilýär. Baýramçylygyň meýilnamasy esasynda usuly taýdan talabalaýyk geçirilmegi, tabşyrylýan işiň doly we dogry ýerine ýetirilmegi geljekde geçiriljek baýramçylygyň mundan-da täsirli bolmagynda uly orun eýeleýär.
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýar nesilleriň şadyýan durmuşyny, olaryň ruhubelentligini gazanmak üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyza, beýik paýhasy bilen halypalyk ýoluny dünýä eden Gahryman Arkadagymyza köňül alkyşlarymyz egsilmezdir.
Nabat AŞYROWA,
Mary welaýatynyň Baýramaly şäherindäki
6-njy çagalar bakja-bagynyň müdiri.