SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

21-nji ýanwar ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hormatly okyjylarymyz!

Üns beriñ!   Egerde  araňyzda  daşary ýurtda  bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň  terjimesi üçin  “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25,  (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401

Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73,  96-48-55

E: Mail :   makulhyzmat@gmail.com 

 Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň.  Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.

Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!

Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size 21-nji  ýanwardaky täleýnamaňyzy hödürleýäris. 

Şeýle-de gadyrly okyjylar, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary okap bilersiňiz.

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Hamallaryň bu gün beýlekiler bilen gatnaşyklary gaty bulaşyk bolup biler. Bu bolsa, duýgurlygyň oňa adam hakda bir zady, logikanyň we faktlaryň bolsa düýbünden başga zady aýdyp biljekdigi bilen baglydyr. Hamallar ýakynlaryny düýbünden ýitirmezligi üçin ilki bilen ýüreginiň sesine gulak asmaly. Ýüregiňiz kimiň dostdygyny we kimiň özüni görkezjek bolýandygyny aýdyp berer.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Sowurlar bu gün iş bilen meşgullanar, ähli zady göz astynda saklar. Bir zat gözegçilikden çyksa, ony şahsy kemsinme hem hasaplap biler! Umuman aýdanyňda, duýgurlyk we iş meselelerine aşa ýiti reaksiýa bu günüň esasy zady bolmak howpuny döredýär. Bu gün hiç kim sowurlaryň ösüş ýolunda böwet bolup bilmez!

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Jöwzalar üçin bu gün adamlary özüne çekmegiň merkezine öwrülip bilerler. Daş-töweregindäki adamlar kynçylyklary, şatlyklary, aladalary bilen jöwzalara ýüzlenerler. Jöwzalar bolsa bu gün olara goldaw bermek bilen hakyky kömek berip biler. Ýyldyzlar jöwzalara adamlaryň işine goşulmaga utanmazlygy maslahat berýärler – elbetde, oňa bu babatda haýyş edilse. Jöwzlar adamlara kömek etmek bilen özlerini diýseň bagtyýar we ýyly duýarlar.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Seretanlar hiç wagt dawa-jenjellere goşulmaly däldir, çünki bu uzakdan häkimiýet ugrundaky göreşe meňzeýär! Umuman aýdanyňda, dawa-jenjellere goşulmaly däl, esasanam bu meselede. Seretanlar ýeňse-de, barybir peýdasyz bolar. Çünku ýeňilenler öňde-soňda ar almak üçin bir pursat taparlar. Şonuň üçin ýyldyzlar seretanlara garşydaşlaryň arasynda däl-de, öz tarapdarlarynyň arasynda bolmagy berýärler.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Esetler şahsy we global adalat meseleleri barada alada ederler. Öüüne edilen zatlardan nägilelik, öz dogrulygyny duýmak we bu dogrylygy subut etmek islegi esetleriň nerwisini bozup biler. Şeýle-de bolsa, söweşjeň ruha garamazdan, ýyldyzlar esetlere kimiň dogry, kimiň ýalňyşdygy baradaky jedellere goşulmagy maslahat bermeýärler. Bu gün bu mowzuk agyr bolar we ters netijä getirmegi ähtimal.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Daş-töwerekdäki adamlar kynçylyklarynyň we aladalarynyň iň uly paýyny sünbüleleriň egnine geçirerler! Sünbüleler beýlekilere goldaw we kömek bermäge taýyn, hatda munuň üçin öz işini hem taşlap biler. Şeýle-de bolsa, haýyş bilen ýüz tutýanlar soňundan ökünip bilerler: sünbüleler hiç kimiň duýgusyny äsgermän, rehimsiz, gödek we göni soraglary berip, derňewlere sezewar eder. Onuň sözleri mantykly, ýöne rehimsiz bolar. Şeýlelik bilen, sünbülelere maslahat soramazyňyzdan ozal gowja pikirleniň. Siz hakykatdanda doly hakykaty bilmek isleýärsiňizmi?

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Mizanlaryň guramaçylyk ukyplary beýik sepgitlere ýeter! Olaryň liderligi daş-töweregindäkileri zähmet çekmäge höweslendirer. Ähtimal, bu ýagdaý bir topar adamy mizanlaryň ygtyýaryna berer ýa-da käbir jemgyýetçilik işleri üçin özleri jogapkär bolarlar. Mizanlar şular ýaly islendik hadysany aňsatlyk bilen dolandyryp biler. Olar bu gün güýçden doly, maksady aýdyň görýär we birine buýruk bermekden ýüz öwürmeýär!

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Akraplar wagtal-wagtal öý işleri bilen gyzyklanar – diňe bir wagtlaýyn däl, eýsem köp wagtlap toplanan we çözgüt talap edýän işler üçinem ünsüni sowar. Mundan başga-da, garyndaşlary akraplardan kömek we goldaw talap edip, onuň ünsüni çekmeklige synanyşyp bilerler. Akraplary ikä bölüp bolmaýandygy sebäpli, işleriň haýsysynyň has möhümdigini we töweregindäkileriň haýsysynyň hakykatdanam mätäçdigini kesgitlemek üçin jan etmeli bolarlar.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)      

Kowuslaryň bu gün ynandyryjylygy has artar. Munuň sebäbi-de onuň yzygiderliligi we logikasy bolar. Ol ädimme-ädim islendik kişini ynandyryp biler. Ýöne dostlary kowusalaryň akylyny ýalňyşlyk bilen ýadawlyk diýip kabul edip bilerler we olar bu gün degişmeleriň nyşanyna öwrülip bilerler!

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Bu gün jedilere maliýe ýagdaýyny kämilleşdirmäge bagyşlamak üçin ajaýypdyr. Sizde birden hasapçynyň zehini oýanyp biler. Bu bolsa, girdejini we çykdajylary doly hasaplamaga mümkinçilik berýär. Olar bu gün birden bank hasabynda nädogry bir zadyň bardygyny bilse-de, meseläni öz peýdasyna öwrüp, ýagdaýy düzedip biler. Jediler bu gün pullaryň mukdaryny azaltmaz. Çünki olar tygşytlamagy ýüregine düwdiler.

Daluw (gowa 21.01-20.02)

Daluwlar islendik kararyny, pikirini ýa-da taslamasyny dogry delillendirmeli boljakdygyna taýyn bolmaly! Beýlekileri bu gün aldap bilmersiňiz. Hatda daluwlaryň täsirliligi ýa-da sözleýiş ussatlygy hem islenýän netijäni bermez. Daluwlara bu gün üstünlik üçin diňe logika kömek eder. Pikirini ädimme-ädim düşündirmek we başgalary sözleriňiziň dogrudygyna ynandyrmak üçin prezentasiýa ýaly bir zat taýýarlamaly bolar.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Synçylyk we alçaklyk bu gün hutlara diýseň uly belentliklere ýetmäge kömek eder.  Olaryň duýgurlygy we logikasy deň derejede gowy işlär, bu bolsa, hutlara zatlaryň düýbüne girişmäge we edil Şerlok Holms ýaly dogry netije çykarmaga mümkinçilik berer. Töwerekdäki adamlar hatda hutlar olaryň pikirlerini okaýan ýaly pikir ederler.

Ýene-de okaň

01-nji Sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

31-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

30-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

2024;Hepdelik täleýnama (26-njy awgust-1-nji sentýabr )

27-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

26-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama