Hormatly okyjylarymyz!
Üns beriñ! Egerde araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401
Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55
E: Mail : makulhyzmat@gmail.com
Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz, onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň. Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.
Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!
Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size 20-nji ýanwardaky täleýnamaňyzy hödürleýäris.
Şeýle-de gadyrly okyjylar, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary okap bilersiňiz.
Hamal (guzy 21.03 — 20.04)
Täze taslamalara başlamak gaty gyzykly bolup biler we netijeleri görmek üçin garaşmaga zordan sabyr edersiňiz. Siziň aňyňyz ajaýyp pikirlerden doly, ýöne entek durnuksyz ýagdaýlara bökmek islemeýärsiňiz. Şu gün başlajak iň ajaýyp meýilnamalaryňyz hem indiki hepdä çenli göze görnüp duran netijeleri getirip bilmejekdigini bilmelisiňiz. Sabyrly boluň!
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Maksada eýýäm ýakynlaşýarsyňyz öýdüp pikir edersiňiz we üstünlik gazanmak üçin ähli bilimleriňizi işde ulanmaga taýyn bolarsyňyz. Şeýle-de bolsa, her bir jikme-jikligi doly öwrenmeseňiz we çynlakaý çemeleşmeseňiz, iň täze meýilnama hem başa barmaz. Başgalara bil baglamak özüne çekiji pikir, ýöne bu size kömek etmez. Özüňiziň özüňize ýeterlik bolmagyňyz, üstünlik gazanmagyň iň ygtybarly usulydyr.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Birbada köp zat etjek bolsaňyz, şu günki tagallalaryňyz biderek bolup biler. Görüş ugruňyzdaky her bir gyzykly çärä gatnaşmak isleýärsiňiz, ýöne meýilnamaňyzdan çykmaýan taslamalar bilen çäklenmek has gowudyr. Başlangyç hyjuwlara bil baglamak häzirki wagtda howply, sebäbi meseläni ýerine ýetirmek üçin zerur çeşmelere kän dogry baha bermeýärsiňiz. Berjaý edip bolmajak wadalary bermäň, ýöne eliňizden gelenini ediň.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Üstünlige barýan ýoluňyzy hyýal etmek dogrudyr, sebäbi şu günki pikirler ertir hakykata öwrülip biler. Ýagdaýy gözegçilik astynda saklamagyň bir usuly, bu hyýaly ýagdaýyň jikme-jikliklerini mümkin boldugyça göz öňüne getirmekdir. Pikirleriňiziň ösmegine maglumatlaryň aýry-aýry elementlerini goşmak, olaryň durmuşa geçirilmegine kömek eder. Köp yhlas etseňiz we zähmet çekseňiz meýilnamalaryňyzy durmuşa geçirip bilersiňiz.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Guramaçylyk meselelerini çözmek we ýolbaşçylyk häsiýetleriňizi görkezmek üçin amatly gün. Özüňiz köp zada ukyplysyňyz. Özüňize meňzeş pikirli adamlary tapsaňyz olara haçan näme etmelidigini düşündirseňiz, ýeňilmersiňiz. Käbirler adamlar üstünlikleriňize göriplik ederler, ýöne täze duşmanlaryňyz bolmaz, könelerini bolsa, çalt ýaragsyzlandyrarsyňyz. Uzak möhletli meýilnamalar düzüp bilersiňiz we diňe geljek hakda pikir edip bilersiňiz: strategiki pikir edýärsiňiz, maksatlara we olara ýetmegiň ýollaryna çalt karar beriň.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Özüňize mahsus netijelilik sizi beýlekilerden tapawutlandyrýar. Sebäbi siz köpçüligiň pikiri bilen däl-de, işiň dogrulygy bilen gyzyklanýarsyňyz. Şeýle-de bolsa, kämillige ymtylmak, häzirki wagtda bagt gözlemekde çynlakaý päsgelçilik bolup biler, esasanam wagtyň gutarýandygyny duýsaňyz. Käwagt ýagdaýlara görä hereket etmek we her bir ownuk zada ýapyşmazlyk has dogrudyr.
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Geljekde size üstünlik geljekdigine ynanýarsyňyz. Siz isleýän zadyňyza ýetmek üçin biraz garaşmaga-da taýyn. Şeýle-de bolsa, sabyr käsäňiz eýýäm dolup barýar, islegler bolsa artýar. Siziň optimistligiňiž bu ýagdaýda gaty uly kömek edýär. Sebäbi köpden bäri garaşylýan sylagyň ýakyn wagtda bardygyna hakykatdanam ynanýarsyňyz. Oňyn garaýşyňyz, üstünlik gazanmak mümkinçiligiňize gönüden-göni täsir eder.
Akrap (içýan 24.10 — 22.11)
Güýjüňiziň köpüsini karýeraňyza sarp etmeli bolsaňyz, boş wagtyňyzy özüňiz meýilleşdiriň. Güni maşgalaňyz bilen öýde geçirmek, şahsy işlere has köp üns bermek bu gün wajypdyr. Aslynda, siziň şadyýanlygyňyz bu işi öňküsinden has çalt ýerine ýetirmäge kömek eder.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Hereket etmegiň mümkin bolan wariantlary hakda aljyraňňy bolýarsyňyz, ýöne sözüňizi berjaý etmegiň möhümdigine hem gowy düşünýärsiňiz. Siz elmydama başgalaryň kömegine gelýän we ýagdaýy iň soňky pursatda halas edýän adam bolmakdan ýadadyňyz. Ähli zatdan ýüz öwürmäge synanyşyp bilersiňiz, emma borçlaryňyzy äsgermezlik etmek hem gowy pikir däl. Mätäçlere kömek etmek üçin eliňizden gelenini ediň, soň özüňizi alada ediň we başga adamlaryň hereketleri üçin jogapkärçilik çekmegiňizi bes ediň.
Jedi (owlak 22.12 — 20.01)
Bu gün duşuşyga wagt bellemek gaty aňsat bolar, ýöne oňa barmak eýýäm has kyn sorag. Şeýle-de bolsa, bu ýagdaýyň jogapkärçiliksizlik ýa-da hormatsyzlyk bilen hiç hili baglanyşygy ýok. Ýeri gelende aýtsak, bar bolan ähli wariantlary öwrenmegi has dogry hasaplaýandygyňyz üçin biraz wagt arany kesmek kararyna gelip bilersiňiz. Günüňizi bir tertibe salmak maksatlaryňyza ýetmäge kömek eder.
Daluw (gowa 21.01-20.02)
Ýeterlik derejede sabyr etdiňiz we hereket etmek üçin nobata garaşdyňyz. Öňdäki ýol siz üçin näbelli görünip biler bu bolsa, gaharyňyzyň gelmegine, nerwiňize täsir eder. Emma bu basyşyň içiňizden gelýändigini boýun alsaňyz, ol näbelliligiň ýaramaz täsirlerini azaldyp bilersiňiz.
Hut (balyk 21.02 — 20.03)
Häzir hemmeleriň siziň işleriňizi bilmegini islemeýärsiňiz. Duýgy reaksiýalaryňyzy dostlaryňyzdan gizlemegiň zerurlygy ýok bolsa-da, özüňizi paş etmekden saklanmaly. Gowy ýeri, siz pikirleriňize gözegçilik edip, paýlaşýanlaryňyzy üns bilen saýlap, güýjüňizi gözegçilikde saklap bilersiňiz. Başga adamlara ynanmalymy ýa ynanmaly dälmi diýen temada bolsa, öz instinktleriňize bil baglaň.