JEMGYÝET

Minnihanow Halk Maslahatynyň Başlygy bilen duşuşdy

Aşgabada iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy.

Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasyndaky duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow Aşgabatda geçiriljek türkmen-rus işewürler forumyna gatnaşar.

Mundan başga-da, ol Arkadag şäherinde Ahal welaýatynyň baş metjidiniň düýbüniň tutulyş dabarasyna gatnaşar we “Kamaz” kompaniýasynyň Aşgabat şäherindäki hyzmat merkezine baryp görer.

Related posts

Katardaky sergide Türkmenistanyň Milli güni bellendi

Ilkinji halkara bagt muzeýi açyldy

Ata Watan Eserleri

Halil Avcı Yeniden İş Konseyi Başkanı

vepa

Leave a Comment