Dünýäniň dürli ýurtlarynda zähmet çekýän hyjuwly ýaşlaryň öz watanyna buýsanşy ýaly, biziň hem ýurdumyzy bagtyýar ýaşlary häzirki zaman döwrebaplylygy bilen baglanyşykly döwlet işleriniň ösüşlerinde öňdebaryjylygy, işewürligi görkezýärler. Gahryman Arkadagymyzyň hem- de Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda alnyp barylýan işler bilen utgaşyp gidýän ýaş ýürekleriň joşgunyna aýratyn üns berilmegi bolsa, biziň şu ýylymyza 2023-nji ýyla “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” diýlip atlandyrylmagy hem aýdyň subutnamadyr. Ýurdumyzyň ösüşlerinde, özgerişlerinde bagtyýar ýaşlara üns berilmegi, täze maşgalalara berilýän ýeňillikler hem bu ajaýyp şygara mysaldyr. Çünki her bir zähmet ornunda işleýän ýaş oglan-gyzlaryň , hünärmenleriň öz iş orunlaryny tapmaklary, şeýle- de olaryň durmuşa ugrukmaklary üçin döwlet tarapyndan berilýän kömekler, gurulýan jaýlardan olara orun berilmegi, bank hyzmatlarynda olara ýeňillikler berilmegi hem ýurdumyzda ýaşlary goldamagyň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyzyň paýtagtynyň çäkleriniň giňelmegi, şäher ilatynyň sanynyň artmagy nazara alynýar. Munuň özi ýaş, täze maşgalalaryň döremegi bilen, ilat sanynyň köpelmegi bilen baglanyşyklydyr.
Mundan başga-da, ýaşlar halkara giňişliklerde döwletimiz tarapyndan edilýän işlerde hem orun alýarlar. Ýaş döredijilikli diplomatiýany goldamak hem-de ony döwlet ähmiýetli işlerde döredijilikli ýola goýmak hem hut ýaşlaryň işidir. Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalarynyň we konsullyklarynyň, halkara guramalaryň ýanyndaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň hem köplenç ýaşlar bolmagy bu ugurlarda ösüşleriň, täze modernizasiýanyň alamatlandyrylan gatnaşyklarynyň ösüşini üpjün edýär.
Ýaşlara üns bermek, ýaşlary gelejege atarmak, olaryň hyjuw-gaýratlaryny döredijilige ugrukdyrmak biziň ýurdumyzda eýýäm birnäçe ýyllar bäri däp bolup gelýär. Ýaş nesilleriň sazlaşykly ösüşi, olaryň ýaş aýratynlyklary nazara alnyp, wagtlaryny peýdaly geçirmekleri üçin ähli zerur şertler döredilmegi bolsa, biziň ýurdumyzda ýaşlar üçin edilýän aladanyň ýokarydygyna ýene bir gezek güwä geçýär. Biziň ýurdumyzda ýaş ýüregi joşgunly hem- de zehinli ýaşlar halk hoalygynyň ähli ugurlary boýunça zähmet çekýärler. Biziň ýurdumyzda we paýtagtymyzda durmuş infrastrukturasynyň ähli zerur desgalary, söwda-dynç alyş merkezi, bazar, oýun we sport meýdançalary göz öňünde tutulyp, halkymyz üçin oňyn şertler döredilýär. Şu döredilýän şertlerde hem ýaş maşgalalar üçin uly mümkinçilikler bar. Gahryman Arkadagymyz hem- de hormatly Prezidentimiz halkymyzyň bagtyýar gelejegi bolan ýaşlaryň durmuşynda uly özgertmeler durmuşa geçriýär. Oňyn özgertmelere tarap ymtylyşy hem-de ýaşlaryň watançylyk duýgusyny has-da berkleşdirmek üçin edilýän işleriň iň ýokary derejesini alamatlandyrýar.
Türkmenistanyň bagtyýar geljegi ýaşlar bilen berk baglanyşyklydyr. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan wezipeler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk giňeldilýär. Bu ýerde hem ýaş, hyjuwly oglan-gyzlaryň zähmet çekmegi bolsa, gelejege bolan ynamyň üstüni ýetirýär. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda uly belentliklere ýol açan hormatly Prezidentimiziň daşynda jebis ýerleşen ýaş, hyjuwly, döwrebap ýaşlara ynamymyz uludyr.
Enegül Orazmämmedowa,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Umumy himiýa kafedrasynyň mugallymy.
