Türkmenistan döwletimizde häzirki zaman halkara ykdysady gatnaşyklarda dünýäniň ýüzünde ýer alýar. Çünki nebit we gaz ulgamy bilen baglanyşykly dünýä bazarynda islegiň has-da artmagy ýurdumyzda bu ugurda edilýän işlere has uly üns berilýändigine şaýatlyk edýär. Milli ykdysadyýetimiziň ösen ugurlary bolan bu pudakda zähmet çekýän ýaşlary hem-de beýleki halypa hünärmenleri işien has hyjuwly ýapyşmaklary üçin döwlet tarapyndna ýörite goldawlaryň berilmegi, şeýle- de bu ugurda zähmet çekýän hünärmenleriň has ezberlerini taýýarlamak üçin ýokary okuw mekdeplerinde ýörite hünärmenler taýýarlanmagy bu işlere ýurdumyzda çynlakaý taýýarlanýandygyny alamatlandyrýar.
Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda halkymyzyň ösen ykdysady islegi bilen birlikde dünýäniň halkalarynyň öňünde abraý almak hem- de ykdysady üpjünçiligi garaşsyzlyk ýyllary içinde ýola goýmak we häzirki zaman ösen tehnologiýalar dünýäsinde has-da oňa bolan islegi artdyrmak bu ykdysady bazaryň netijeliligini görkezýän bahadyr.
Häzirki zaman nebit we gaz ulgamyny awtomatlaşdyrmak, has dogrusy ony sanlaşdyrmak ugurlaryna uly üns berilmegi, bu tehnologiýalar bilen hünärmenleriň birlikdäki düzüminde ýüze çykjak başarjaňlygy gazanmaga doly mümkinçilikler açýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda edilýän işleriň döwrebaplygyny gazanmak üçin dünýäniň iň iri nebit we gaz kompaniýalary bilen birlikde işleşmek, olar bilen özara gatnaşyklaryň ýola goýulmagyny gazanmak, şeýle- de gaz geçirijileriň hem-de nebit geçirijileriň ähmiýetini artdyrmakda hem edilýän işleriň bahasy gymmatdyr.
Çünki häzirki zaman ykdysady pudakda halkara guramalaryň üsti bieln amala aşyrylýan şertnamalarda bu ugurlaryň has öňdebaryjy düzümini öňe çykarmak üçin konferensiýalar ehm- de onlaýyn maslahatlaryň geçirilmegi bu ugurda zähmet çekilýän hem- de edilýän aladalaryň naýbaşydyr.
Şeýle mümkinçilikler bolsa biziň ýurdumyzda döredilen. Bu ajaýyp üstünliklerden ugur alyp, Gahryman Arkadagymyzyň görkezýän ak ýolundan ýöräp, hyjuwly türkmen ýaşlary bilen jebis bolup, ýurdumyzyň ösüşleri hakynda alada edýän hormatly Prezidentimiziň türkmen döwletini ösdürmekde edýän işleri görelde alarlykdyr.
Arzygül Derýaýewa,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Geologiýa fakultetiniň Dag işleri kafedrasynyň 2-nji ýyl talyby.
