Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň öndürýän nebit önümleriniň görnüşlerini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada belläp geçdi. Wise-premýer bu barada Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hasabat berdi.
“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, şunuň bilen baglylyk,da daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümiň B-92 kysymly awiabenziniň öndürilip başlanandygy baradaky hoş habar aýdyldy.
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy bilen Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi tarapyndan bilelikde önümiň bu görnüşini öndürmek boýunça tehniki şertler işlenip taýýarlandy we degişli işler ýerine ýetirildi.
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy nebiti we gaz kondensatyny gaýtadan işläp, dürli nebit we nebithimiýa önümlerini öndürmek hem-de olary içerki we daşarky bazarlara ýerlemek işlerini alyp barýar.
Türkmenistan Garaşsyzlygyny yglan edenden soňra zawodlar toplumy düýpgöter özgerip, häzirki wagtda nebiti gaýtadan işlemekde dünýäniň öňdebaryjy kärhanalarynyň birine öwrüldi.
