BIZNES

Türkmenistanda ilkinji gezek gaz saklamak üçin ýerasty desgalar gurlar

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň barşynda ýurdumyzda ilkinji gezek gaz saklamak üçin ýerasty desgalary gurmak babatda hasabat berildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow harytlyk gazyň ätiýaçlyk gorlaryny üpjün etmek maksady bilen ýurdumyzda gaz saklamak üçin niýetlenilen ýerasty desgalary gurmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Türkmenistanda şeýle taslamany ilkinji gezek durmuşa geçirmegiň meýilleşdirilýändigi nazara alyp, bu işleri halkara tejribesine laýyklykda, ýola goýmak we alyp barmak, tehniki-ykdysady esaslandyrmasyny taýýarlamak, taslamalaşdyrmak, enjamlaşdyrmek hem-de gurmak babatda halkara maslahatçy kompaniýalary bu işe çekmek meýilleşdirilýär.

 

Related posts

Russiýa, Eýran we Azerbaýjan ulag babatda şertnama baglaşdy

2020-nji ýylda döwlet emläginiň 85-si hususylaşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda Global Gaz Merkeziniň ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşyk geçirildi

Leave a Comment