BIZNES

Türkmenistan Hytaýdan teplowozlaryň ýene-de uly toplumyny satyn alar

Hytaýyň CRRC Ziyang kompaniýasy Türkmenistany lokomotiwler we olaryň ätiýaçlyk şaýlary bilen üpjün etmek üçin onlaýn şertnama baglaşdy. Şertnamada Türkmenistanyň bu kompaniýadan 30 million amerikan dollary möçberinde önümleri satyn almagy göz öňünde tutulýar.

Bu barada kompaniýa Twitter hasabyndan habar berdi.

Hasabatda bu şertnamanyň türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň 31 ýylynyň dowamynda iň iri şertnamalaryň biridigi aýratyn nygtalýar.

Şeýle hem «Dizel lokomotiwlerini eksport etmekde öňdebaryjy hökmünde CRRC Ziyang Türkmenistanda demir ýol ulaglary üçin iň uly enjam üpjün edijidir» diýilýär.

«Hytaý tarapy ulag üpjünçilik ulgamlarynyň gurluşygyny çaltlandyrmakda we häzirki zaman ulag-logistika ulgamyny döretmekde Türkmenistana ýardam bermäge taýýardygyny beýan edýär» diýlip, Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Bilelikdäki Beýannamasynda aýdyldy.

Bu Beýannama Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň HHR-a döwlet saparynyň çäginde gol çekildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy täzelendi

2025-nji ýylda Türkmenistanda 76 milliarddan gowrak tebigy gaz öndürildi

Türkmenistan Eswatini Patyşalygyna SIM-kart we LED çyra eskport eder

«Türkmenhimiýa» döwlet konsernine täze ýolbaşçy bellenildi

Türkmenistan bilen Ýaponiýa ylmy tehnologiýa hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistan nemes işewürler jemgyýetçiligi bilen duşuşyga gatnaşdy