BIZNES

Owgan telekeçileri suwuklandyrylan gaz satyn aldy

Suwuklandyrylan gaz (1 tonnasy üçin $485) we nah ýüplügi (1 kg 2,65) çarşenbe güni, 4-nji ýanwarda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda uly islege eýe boldy.

Owganystandan gelen telekeçiler «Türkmennebit»döwlet konserni bilen jemi 5 müň tonna suwuklandyrylan gazy $2,4 mln satyn almak üçin geleşik baglaşdylar.

Azerbaýjanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň wekilleri Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen nah ýüplügini satyn almak barada geleşik baglaşdylar.

Azerbaýjana Dokma ministrliginiň 506,8 müň kg önümi $1,3 mln, BAE-ne bolsa – onuň 272,9 müň kg 11,9 mln. manada eksport ediler.

Related posts

Gazdan benzin öndürýän zawodyň açylyş dabarasy boldy

vepa

Türkmenistan bilen Hindistanyň söwda dolanyşygy 114 million dollara deňdir

Türkmen-azerbaýjan işewürler forumy geçiriler

Leave a Comment