JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Si Szinpin bilen gepleşikleri geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna ilkinji döwlet saparynyň çäklerinde giňeldilen hem-de dar düzümde ýokary derejeli türkmen-hytaý gepleşikleri geçirildi. Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň elektron neşiri habar berýär.

Hytaýyň Halk ýygnaklar öýünde belent mertebeli türkmen myhmanyny resmi garşylamak dabarasyndan soňra, wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümdäki gepleşikler geçirildi. Onuň dowamynda strategik häsiýete eýe bolan türkmen-hytaý gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşykda Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýydyr geljekki mümkinçilikleri, özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri babatda garaýyşlaryny beýan etdiler. Hormatly Prezidentimiz daşary syýasatda Hytaý bilen biziň ýurdumyzy garaýyşlaryň, maksatlaryňdyr wezipeleriň ýakynlygynyň birleşdirýändigini belläp, Türkmenistanyň Hytaýyň «Bitewi Hytaý» syýasatyna berk eýerýändigini, ýurduň «Bir guşak, bir ýol» başlangyjy bilen türkmen tarapynyň «Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek» strategiýasynyň özara sazlaşdyrylýandygyny aýratyn nygtady. Hususan-da, Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy pugtalandyrmak, parlamentara gatnaşyklary işjeňleşdirmek, söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ýola goýlan hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak bilen bagly meseleler türkmen-hytaý gepleşikleriniň esasyny düzdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň gatnaşmagynda iki ýurduň wekiliýetleriniň dar düzümde geçiren gepleşikleriniň barşynda bolsa dostlukly döwlete şu gezekki saparyň gün tertibine girizilen meseleler, türkmen-hytaý gatnaşyklaryny täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga ýardam etjek ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Soňra iki ýurduň Liderleriniň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Ýene-de okaň

Türkmen döwlet maliýe institutyna täze rektor bellendi

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyna täze rektor bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýanyň Baştutanyny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler

Atagulyýew: Türkmenistan ulag geçelgeleriniň ösüşine aýratyn ähmiýet berýär

İlham Aliýew TDG-niň hökümet baştutanlary bilen duşuşdy