JEMGYÝET

Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkezi «Arkadag» diýip atlandyryldy

Şu gün, ýagny 21-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, welaýatyň täze, döwrebap edara ediş merkezine aýlanyp gördi we “akylly” şäheri “Arkadag” diýip atlandyrmak baradaky taryhy Kararlar kabul edildi.

Şeýle-de bu ýerde peýda bolan medeni maksatly binalara döwlet Baştutanymyzyň Karary bilen meşhur şahsyýetlerimiziň atlarynyň dakylmagy, hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permanyna laýyklykda, welaýatyň ussat aýdymçylary  Kuwwat Çarygulyýewe, Döwletgeldi Amanlykowa “Türkmenistanyň at gazanan artisti” diýen hormatly atlaryň dakylmagy ýurdumyzda bagşy-sazandalara belent sarpa goýulýandygyny ýene bir ýola subut etdi. Bu barada “Zenan kalby” žurnalynyň internet neşirinde habar berilýär.

Bu buýsançly wakalaryň şanyna Yzgant şäheriniň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky Medeniýet köşgünde medeniýet, sungat we döredijilik işgärlerinden wekilleriň gatnaşmagynda hoşallyk maslahaty bolup geçdi. Maslahatda edilen çykyşlarda türkmen medeniýetiniň, sungatynyň gülläp ösmegi, döwrebaplaşmagy, baýlaşmagy ugrunda tagalla edýän Arkadagly Serdarymyza hoşallyk sözleri ýaňlandy. Garaşsyz Diýarymyzda halkara derejede geçirilýän Medeniýet günleri, festiwallar türkmen aýdym-saz sungatynyň dünýä ýaýylmagyna ýol açýar. Ýaş zehinleriň taryhda öçmejek yz goýan şirin owazly ussat bagşy-sazandalaryň yzyny mynasyp dowam etdirmekleri üçin ýurdumyzda ähli şertler döredilen. Bular barada maslahatda çykyş edenler buýsançly bellediler. Welaýatyň sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary hoşallyk maslahatyna gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

Hoşallyk maslahatyna gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 2026-njy ýylda 5300-e golaý täze iş orny dörediler

Türkmenistanda 2026-njy ýylda açyljak desgalar

Türkmenistanda ýolbaşçylary wezipe bellemek boýunça kararlar

Türkmenistanda täze ministrlik döredildi we oňa ýolbaşçy bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine täze ýolbaşçy belledi

Batyr Annaýew Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulag we aragatnaşyk toplumy boýunça orunbasary wezipesine bellendi