Ene mertebesi egsilmezdir. Olar hemişe perzentleriniň ugrunda janlaryny gurban edip, hemişe oalryň arzuwlaryny ýerine ýetirmek üçin ýaşaýarlar. Ýudurmyzda enelere goýulýan sarpa gutarnyksyzdyr. Eneleriň gymmatyny kesgitlemek, eneleriň wepadarlygy, olaryň şahsyýeti kemala getirmekde ynsana berýän güýji hiç hili bahasyna ýetip bolmajak güýçdir. Şol güýç hem olaryň enedigini, enelik duýgusynyň perzentlerine geçirýändigini subut edýän güýçdir.Adamyň durmuşda ilkinji duýýan zady enäniň yssy mähri. Ene mähri siňip ulalyp, kemala gelen adam, ýaşynyň näçeligine garamazdan, nirede bolsa-da şol mähribanlygy küýseýär. Eneleriň ýüregi perzentleriň yşgyndadyr. Olaryň ýüregi perzentleriniň aýtmaýan zadyny syzýarlar.Perzentleriniň bilmeýän zatlaryny bilýärler, perzentler hakynda. Näzik gursakdaky mähir barada oýlananyňda, şol mähriň tükeniksiz güýjüniň näme-de jemlenýändigine düşünmek isleýärsiň. Öz perzentlerine, daş-töweregine mähir paýlaýan enä bu ylahydan berlen uly güýçdir. Çünki enäniň ýyly mähri tükeniksizlige eýe. Ol güýjüň öňünde durjak hiç bir zat ýokadur. Ol güýç tükeniksizligiň serhetsiz ummanlaryna salgylanyp, älemleri gezýär. Eneler müdimi daragtlar kibi bakylyga uzaýar. Olar perzendiniň ykbalyny nurlandyrjak ýagşy öwüt- ündewleri kalbyna püre- pürlän ynsanlardyr. Eneleriň müdimi ýaşaýşy olaryň perzentleri bieln diridir. Enäniň öwüt-ündewleri jigerbendiniň ýoluna nur saçýar. Bu ümmülmez dünýäniň kökünde barlygyň hazynasy ene söýgüsi, ene mähridir.Adam durmuşda haýsydyr bir kynçylyk bile ýüzbe-ýüz bolan halatynda, hökman mähriban Käbesiniň huzuryna baryp, ondan maslahat soraýar. Ene perzendini ünsli diňläp, berjek maslahatyny ýedi ölçäp, bir kesýär. Olar öz durmuş tejribesine daýanyp, kynçylygy ynam bile ýeňip geçmelidigini mylaýym düşündirer welin, ömrüňe ýörelge bolar. Ýagşy öwüt-ündewleri arkaly perzendini durmuşyň ak ýoluna atarýan enelere baky tagzym. Ene perzendiniň ilhalar adam bolup ýetişmegi üçin bütin ömrüni bagyşlaýan mähriban. Ene aýratynlygyny ýüze çykarýan şu häsiýet hem ony beýgeldýär, mertebe eýesi edýär. Ene- ata bile ýürekdeş gatnaşyk saklamak, perzende bagtyýarlyk eçilýär. Olaryň durmuş babatdaky pikirleri has-da gymmatlydyr. Eger-d e bir ogul abraý alyp, şöhratlanyp, taryha onuň ady ýazylýan bolsa, diýmek ol ýigidiň ýa-da gyzyň ýüreginiň aňyrsynda ,kökünde eziz enesi bardyr. Çünki eneler şöhratly ogulalry äleme getirýän ýeke- täk gudratly ynsanlardyr. Atalaryň abraýy , eneleriň mähri bolmasa, perzent hem hiç wagt iline şöhrat getirip bilmez. Çünki perzendiň ýüregi eneler bilen, atalar bilen diridir.
Ogulsenem Gurbanýazowa,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.
