BIZNES

Türkmenistanda konteýnerli daşamalar artýar

Türkmenistanyň çäginden geçýän halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň mümkinçiliklerini ösdürmek maksady bilen Döwlet gümrük gullugynyň öňünde möhüm wezipeler kesgitlenildi. Bu wezipeleriň biri hem, gümrük serhedinde konteýnerli ýük daşamalar üçin amatly şertleriň üpjün edilmegi bolup durýar.

Döwlet gümrük gullugynyň habar bermegine görä, 2021-nji ýylda bolsa, Türkmenistanyň Konteýnerlere degişli gümrük Konwensiýasyna hem-de Konteýner goruna geçirilen we halkara daşamalarynda ulanylýan konteýnerler üçin gümrük düzgüni hakyndaky Konwensiýa goşulmagy, konteýnerli halkara ýük daşamalaryň ýeňilleşdirilen tertibini göz öňünde tutýan hukuk esaslary kesgitledi. Bu bolsa, ýurdumyzyň çäginden geçýän halkara üstaşyr ulag geçelgeleri arkaly ýük daşamaga dünýäniň iri konteýner daşaýan kompaniýalaryny çekmekde ygtybarly şertleri döretdi hem-de ýurdumyzyň ýük daşaýjylaryna degişli konteýnerler arkaly eksport harytlarymyzyň dünýäniň dürli künjeklerine amatly usul bilen eltilmegine giň ýol açdy.

Bellenip geçilen şertler hem-de «Lapis Lazuli» ugry boýunça we Ýewropa-Kawkaz-Aziýa (TRASEKA) üstaşyr ulag geçelgeleriniň ugrunda ýerleşýän Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň konteýner dolanyşygy babatdaky uly kuwwatlylygy, multimodal ýük daşamalary üçin amatly bolan konteýnerli ýük daşamalary agzalan üstaşyr ulag geçelgeleri boýunça has-da köpeltmäge giň mümkinçilik berýär. Portuň çäginde geçirjilik kuwwaty  400,000 konteýnere deň bolan konteýner terminaly bar. Bu ýerde döredilen şertler konteýnerli daşamlaryň artmagyna ýardam edýär.

Gümrük statistikasynyň berýän maglumatlaryna görä, 2021-nji ýylda Türkmenistanyň halkara ýük dolanyşygynda konteýnerli ýük daşamalarynyň 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende 157 göterim köpelmegi, şu ýylyň 11 aýynda bolsa, bu görkezijiniň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 41 göterim artmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Ilçisi «Dragon Oil» kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy

Iri hytaý korporasiýalary Aşgabatda senagat hyzmatdaşlygy boýunça taslamalary hödürlediler

Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň möçberi 77,4 milliard ABŞ dollara ýetdi

Hytaý Türkmenistana 300 megawatlyk Gün elektrik stansiýasynyň taslamasyny hödürleýär

Türkmenistan Hytaýdan 439 million dollarlyk nebitgaz enjamlaryny satyn alýar

Hytaý kompaniýalary Türkmenistanda ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmäge gyzyklanýar