JEMGYÝET

Türkiýäniň ministrleri Türkmenistana geldi

Hazar deňziniň kenaryndaky “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy uly wakanyň bosagasynda dur. Ertir bu ýerde Türkmenistan-Türkiýe-Azerbaýjan görnüşinde üçtaraplaýyn birinji döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler. dünýä metbugatynyň üns merkezindäki sammitiň çäklerinde daşary işler, energetika we ulag ministrleriniň duşuşyklary geçirildi.

Bu duşuşyklara gatnaşmak üçin Türkiýe Respublikasynyň degişli ministrlikleriniň ýolbaşçylary Türkmenbaşy şäherine geldi. Türkiýe Respublikasyndan daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmez hem-de ulag we infrastruktura ministri Adil Karaismailogly “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna gelip, bu ýerde degişli kärdeşleri bilen üçtaraplaýyn we ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdi.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly “Gämi” myhmanhanasynda üçtaraplaýyn sammite gatnaşyp, ol ýerde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary we daşary işler ministri Raşid Meredow bilen ikiçäk duşuşdy. Duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmez bolsa, “Bagtyýar” myhmanhanasynda üçtaraplaýyn duşuşyga gatnaşyp, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow bilen ikiçäk duşuşdy.

Ulag we infrastruktura ministri Adil Karaismailogly “Deňiz” myhmanhanasynda Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň ulag düzüminiň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirdi.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti Bakuda geçiriljek şäherleriň Bütindünýä forumyna gatnaşar

Türkmenistanyň wekiliýeti Beýik Britaniýada halkara atly oýunlaryna we at ýaryşlaryna gatnaşar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Tatarystanda saparda bolar

Türkmen bedewleri Özbegistanda gözellik bäsleşigine gatnaşar

Özbek we hindi küştçisi dünýä çempionlygy üçin bäsleşer

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministrini kabul etdi