Şu gün Aşgabat şäherindäki Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebitleýin merkezinde Merkezi Aziýanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň ýyllyk duşuşygy geçirildi. 12-nji duşuşyk Türkmenistanyň Hökümetiniň goldaw bermeginde guraldy.

Onuň işine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow, daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew, Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebitleýin merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German, Gyrgyz Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Aýbek Moldogaziýew, Täjigistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Muzafar Huseinzoda, Özbegistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Gaýrat Fazilow, Gazagystanyň Daşary işler ministrliginiň köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk departmentiniň direktory Didar Temenow we BMG-niň käbir düzümleriniň wekilleri gatnaşdy.

Ýyllyk ýygnagyň maksady Merkezi Aziýada parahatçylyga we howpsuzlyga täsir edýän wakalar we tendensiýalar barada pikir alyşmak, şeýle hem BMG-niň sebit merkezi bilen sebit hökümetleriniň arasynda öňüni alyş diplomatiýasy bilen baglanyşykly hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat.
Şu ýyl Aşgabatda döredilen Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebitleýin merkezine 15 ýyl doldy. Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebitleýin merkezi bilen ýola goýlan hyzmatdaşlyga ýokary baha berdiler.

Sebit merkeziniň dürli wehimleriň öňüni almak, howanyň üýtgemegi we suw diplomatiýasy ýaly ugurlary, şeýle hem “Zenanlar, Parahatçylyk we Howpsuzlyk” we “Ýaşlar, Parahatçylyk we Howpsuzlyk” atly global meýilnama boýunça gepleşikleri goldaýandyklaryny mälim etdiler.

Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň 27 ýyllygy hem-de Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda geçirilen bu duşuşyk Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebitleýin merkeziniň döredilmeginiň 15 ýyllygy bilent utgaşdy.
