BILIM

Türkmenistanda biologiýa dersi boýunça halkara internet olimpiadasy geçirildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararlary bilen tassyklanan «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny», «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny» ýerine ýetirmek maksady bilen, şu ýylyň 7-nji dekabrynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň guramagynda daşary ýurtlaryň we ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda biologiýa dersi boýunça halkara internet olimpiadasy geçirildi.

Internet olimpiadasyna Russiýanyň, Germaniýanyň, Hytaýyň, Türkiýäniň, Belarusuň, Gazagystanyň, Ermenistanyň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, ABŞ-nyň, Italiýanyň, Malaýziýanyň, Kanadanyň, Angliýanyň, Saud Arabystany Patyşalygynyň, Niderlandiýanyň, Ukrainanyň 34 sany ýokary okuw mekdeplerinden jemi 102 talyp hem-de Türkmenistanyň 14 sany ýokary okuw mekdeplerinden 92 talyp gatnaşdy.

Olimpiada halkara standartlara laýyklykda, ýurdumyzyň ylym-bilim edaralarynyň wekilleri bilen birlikde, daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri-de eminlik etdiler.

Olimpiadanyň netijeleri boýunça baýrakly orunlaryň 74-si kesgitlenip, olardan 15-si birinji, 22-si ikinji, 36-sy bolsa üçünji orunlardyr. Türkmen talyplary bu olimpiadada ýokary netijeleri gazandylar: olaryň 10-sy birinji, 17-si ikinji, 19-sy üçünji orunlara mynasyp boldular.

Toparlaýyn bäsleşigiň ýeňijileri degişli ýokary okuw mekdeplerinden gatnaşýanlaryň ortaça gazanan bahalary boýunça kesgitlenildi. Şoňa laýyklykda, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň topary 265 ball toplap, birinji orna, Russiýa Federasiýasynyň Astrahan döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň topary 257 ball toplap, ikinji orna, 224 ball toplan Türkmen oba hojalyk institutynyň topary bolsa üçünji orna mynasyp boldular.

Halkara internet olimpiadasynyň ýapylyş dabarasynda ýeňijilere geljekki bäsleşiklerde hem uly üstünlik gazanmaklaryny arzuw etdiler.

Ýene-de okaň

Ýurdumyzyň ýaş robot tehnikaçylary Dubaýda geçiriljek IWISE Global Final bäsleşigine gatnaşarlar

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň ýokary hünär bilimine 2026-2027-nji okuw ýylynda okuwa kabul etmegiň tertibi

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebine 2026-2027-nji okuw ýylynda okuwa kabul etmegiň tertibi

Türk ministri: 37500 türkmenistanly talyp Türkiýede bilim alýar

Türkmenistanyň okuwçylary STEM olimpiadasyna gatnaşýarlar

Türkmen ýaşlary Malaýziýanyň PETRONAS uniwersitetinde bilim alyp bilerler