DÜNÝÄ

6 döwlet Türkmenistana täze ilçi belledi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa daşary ýurtlaryň birnäçesiniň — Norwegiýa Patyşalygynyň, Finlýandiýa Respublikasynyň, Estoniýa Respublikasynyň, Indoneziýa Respublikasynyň, Gana Respublikasynyň, Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçilerinden, şeýle-de Apostol nunsiýasyndan ynanç hatlaryny kabul etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň adyndan milli parlamentiň ýolbaşçysy daşary ýurtly diplomatlaryň her birini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, olara ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda, şol sanda iri halkara guramalaryň, abraýly sebit düzümleriniň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän dostlukly we köpugurly döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmak işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Dostlukly ýurtlaryň doly ygtyýarly wekilleri Türkmenistanyň durmuşa geçirýän içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy.

Diplomatlar Milli Geňeşiň düzümi we işi, kanun çykaryjylyk ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler hakynda maglumat berildi.

Ilçiler öz ýurtlarynyň Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýändiklerini belläp, däp bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga hem-de giň ugurlar boýunça ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge ýardam bermäge taýýardyklaryna ynandyrdylar.

Related posts

Türkmenistanyň ilçisi Tbilisi döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň rektory bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Ýylyň bloggerleri

vepa

Türkmenistanly hukukçy ABŞ-nyň öňdebaryjy hukuk kolležiniň onlaýn myhmany boldy

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment