BIZNES

Altyn teňňeleri satyn almak üçin ilkinji bankomat

Kredit ýa-da debet plastik kartoçkalardan pul bilen altyn teňňeleri satyn almaga mümkinçilik berýän bankomat Hindistanyň Haýdarabat şäherinde (Telengan ştaty) müşderilere hyzmat edip başlady. Bu barada “The Econimic Times” gazetinde habar berilýär.

Şeýle bankomat diňe bir Hindistanda däl, eýsem dünýäde ilkinji bolu durýar. Bu enjam Hindistanyň “Goldsikka Pvt Ltd” kompaniýays tarapyndan işlenip düzüldi. Bu innowasion tehnologiýaly bankomatdan altyn teňňeleri satyn almak mümkin. Bu bankomata 5 kilogarma çenli 24 karatly altyn teňňeleri ýerleşdirmek bolar. Müşderileri altyn teňňeleri 0.5 gramdan 100 grama çenli aralygynda 8 görnüşde satyn alyp biler.

Bu enjamyň esasy aýratynlygy altyn bahasynyň ekranda görkezilip durmagydyr. Bu nyrhlar Londonyň gymmat bahaly daşlar biržasynyň kotirowkasyna laýyklykda, yzygiderli üýtgäp durýar.

Bankomat doly hem-de ygtybarly gorag ulgamy bilen enjamlaşdyrylandyr.

Kompaniýanyň berýän maglumatyna görä, enjam islendik adamlara maliýe ýitgilerinden gaça durmak üçin altyna maýa goýmaga mümkinçilik berer. Şeýle hem banklara ýa-da altyn-kümüş dükanyna barmak zerurlygy aradan aýyrýar.

Ilkinji gün bankomat 20 müşderä hyzmat etdi. Kompaniýa Hindistanyň çäginde 3 müň sany bankomat gurnamagy meýilleşdirýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Ilçisi «Dragon Oil» kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy

Iri hytaý korporasiýalary Aşgabatda senagat hyzmatdaşlygy boýunça taslamalary hödürlediler

Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň möçberi 77,4 milliard ABŞ dollara ýetdi

Hytaý Türkmenistana 300 megawatlyk Gün elektrik stansiýasynyň taslamasyny hödürleýär

Türkmenistan Hytaýdan 439 million dollarlyk nebitgaz enjamlaryny satyn alýar

Hytaý kompaniýalary Türkmenistanda ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmäge gyzyklanýar