SIZDEN GELENLER

“Täze eýýamyň üme dessury” atly döredijilik festiwalynyň döwlet tapgyry geçirildi

2-nji dekabrda Türkmen döwlet medeniýet inistitutynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde gurnamagynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda “Täze eýýamyň üme dessury” atly döredijilik festiwalynyň döwlet tapgyry geçirildi.

Festiwala gatnaşýan talyp gyzlar üme dessuryny ýerine ýetirenlerinde “Halkyň Arkadagly zamanasy” şygary astynda Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda alnyp barylýan beýik işler, ýetilen sepgitler, halkymyzyň baý geçmiş mirasy, medeni gymmatlyklarymyz, milli däplerimiz, ene-mamalarymyzdan nesilden-nesile geçip, dowam edip gelýän milli el işleriniň görnüşleri baş şygar hökmünde şöhlelendi.

Bu geçirilen çärede talyp gyzlar biziň milli gymmatlyklarymyzy aýdymlara, gazallara, halk döredijiligine siňdirip taryp etdiler. Festiwalyň  dowamynda ýeňijileri Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň diplomy we sowgatlary bilen sylaglandy.

                                                                             Miwe Jumadurdyýewa,

                                             Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary inistitutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Ýene-de okaň

Ulag diplomatiýasynyň dabaralanýan forumy

Saglyk — baş baýlyk

Ata Watan Eserleri

Sanly ulgam – täze mümkinçilikleriň sazlaşygy

Türkmen-özbek dostlugy mizemezdir

Dil öwrenmegiň döwrebap usulyýeti

Ata Watan Eserleri

Il saglygy — döwlet syýasatynyň derwaýys ugry