SPORT

Saud Arabystany dünýä çempionatyny gurnamakçy

Katardan soňra Saud Arabystany hem futbol boýunça dünýä çempionatyny gurnamagy meýilleşdirýär. Bu barada Saud Arabystanynyň syýahatçylyk ministri Ahmed Al-Hatyb habar berdi.

Ministriň aýtmagyna görä, Saud Arabystany 2030-njy ýylda Gresiýa we Müsür bilen bilelikde dünýä çempionatyny geçirmegi meýilnamalaşdyrýar.

– Er-Riýad 2030-njy ýylda dünýä çempionatyny Müsür we Gresiýa bilen bilelikde geçirmek üçin ýüz tutmak meselesini öwrenýär – diýip, ministriň çykyşyny “Al-Ýaum as-Sabia” täzelikler portaly habar berýär.

Ministr öz ýurdunyň bu iri sport ýaryşyny gurnamak üçin infrastruktura we sport desgalarynyň ösdürilmegi üçin ep-esli maliýe serişdelerini gönükdirjekdigini belledi.

Ol 3 ýurduň çempionaty gurnamak üçin hödürnamasynyň üstünlikli boljakdygyna ynam bildirdi.

Häzirki wagtda dünýä çempionaty Katarda geçirilýär. 2026-njy ýylda bolsa, bu çempionat ABŞ, Meksika we Kanada ýaly ýurtlaryň gurnamagynda geçiriler.

Ýene-de okaň

Ronaldo “Al-Nasr” bilen meýdança çykdy we gol geçirdi

Gazagystan 32 ýyldan soňra ýene-de altyn Olimpiýa medalyny gazandy

“Arkadag” – “Al-Nassr”: bahreýnli eminler topary eminlik eder

Ata Watan Eserleri

Ronaldo we “Al-Nasr” toparyndaky ýagdaý

«Arkadag» futbol topary ýaş türkmen türgenleri bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Messi ýoldaşlyk duşuşygynda “Barselona” gol geçirdi