SIZDEN GELENLER

Bitaraplyk- bagtymyz

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary barha rowaçlanýar.  «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly hem mähriban halkymyzyň, ata Watanymyzyň at-abraýyny dünýäde dabaralandyrýan taryhy wakalara beslendi. Türkmenistan hemişelik Bitaraplygynyň 27 ýylynyň içinde dünýä döwletleri bilen alyp barýan hoşmeýilli gatnaşyklarynyň netijesinde, içeri we daşary syýasatda saýlap alan ýolunyň dogrudygyny hemmetaraplaýyn subut etdi.

1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda ata Watanymyzyň Bitaraplyk hukuk derejesiniň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilmegi aýratyn möhüm waka bolup taryha girdi. Şondan 20 ýyl geçensoň, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň gaýtadan kabul edilmegi, şonuň ýaly-da 12-nji dekabryň «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip yglan edilmegi ýurdumyzyň alyp barýan ynsanperwer hem parahatçylyk söýüjilik syýasatyna berlen ýokary bahadyr. Bitaraplyk diýen düşünje türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuşy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Taryhyň islendik döwrüni alanyňda-da, halkymyzyň hoşniýetli ýörelgelere eýerendigine şaýat bolýarsyň. Bu ýörelgeler, däp-dessurlar bolsa Bitaraplygymyzyň düýp özenini düzmek bilen, daşary syýasatymyzda öz beýanyny tapýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Bitaraplyk hukuk derejämizden gözbaş alýan umumadamzat ähmiýetli işler has-da rowaçlyklara beslenýär, dünýäde parahatçylyk, halklaryň we ýurtlaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklary has-da pugtalandyrylýar.

Türkmenistan Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýerip, sebit we dünýä möçberindäki ýagdaýlaryň durnuklaşmagyna, syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer, ekologiýa we beýleki möhüm meseleler çözülende, döwletleriň hem-de halkara guramalaryň netijeli hyzmatdaşlyk etmegini gazanmaga, parahatçylygy pugtalandyrmaga saldamly goşandyny goşýar.

Şeýle işler ata Watanymyzyň ählumumy ösüşi üpjün etmäge ýardam berýän täze başlangyçlary öňe sürýän Bitarap döwlet hökmünde has giňden tanalmagyna getirýär. Bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyz halkara derejedäki belent ynamyň eýesi bolýar.

Garaşsyz Türkmenistanyň dünýäde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet bolmagy biziň her birimiz üçin uly mertebedir, göwnüňi ganatlandyrýan belent derejedir. Ol bizi her ädimde buýsandyrmak bilen, ösüşiň täze menzillerine ynamly barýan röwşen ýolumyzda egsilmez ylham berýär, täze ýeňişler, üstünlikler gazanmaga ruhlandyrýar.

Hormatly Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy», «Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda», «Türkmenistan Bitaraplygyň mekany», «Bitarap Türkmenistan» atly we beýleki kitaplarynda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy giňden açylyp görkezilýär.

Aýgül Baýryýewa,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň

Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby. 

Ýene-de okaň

Türkmen–rus gatnaşyklarynda daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti

“Hakyda göwheri” – milli mirasymyzyň şöhratly ýoly

“Magtymguly–dünýäniň akyldary”

Saglyga sarpa – durmuşa sarpa

Saglyk – bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Ata Watan Eserleri