JEMGYÝETSPORT

Katar-2022: ilkinji duşuşykda Ekwador ýeňdi

Katardaky futbol boýunça dünýä çempionaty badalga aldy. Futbol janköýerleriniň 4 ýyl sabyrsyzlyk bilen garaşan çempionatynyň ilkinji duşuşygy ýer eýeleri Katar bilen Ekwadoryň arasynda oýnaldy.

Duşuşykda italiýaly emin Daniele Orsata eminlik etdi. 60 müň orunlyk “Al Baýt” stadionyndaky duşuşykda Ekwador 2:0 hasabynda ýeňiş gazandy.

Ekwadoryň geçirne 2 goluny hem toparyň ýyldyz futbolçysy Enner Walensiýa öz adyna ýazdyrdy. Ol duşuşygyň birinji ýarymynyň 16-njy minutynda 11 metrlik jerime urgusyndan, 31-nji minutynda hem kelle bilen geçiren goly bilen milli ýygyndysyna ilkinji 3 utugyny gazandyrdy.

Aslynda, Enner Walensiýa duşuşykda 3 gol geçirdi. Onuň duşuşygyň 3-nji minutynda geçiren goly hasaba alynmady. Şeýlelikde, Enner Walensiýa dünýä çempionatynyň ilkinji goluny geçirip, futbol taryhyna girdi.

Şeýlelikde, mundan ozalky 3 dünýä çempionatyň açylyş duşuşygynda ýer eýeleri ýeňiş gazanan bolsa, bu gezek Katara ýeňiş gazanmak başartmady.

Bu duşuşygy Aşgabatdaky futbol janköýerleri “IP TW” teleýaýlym ulgamy arkaly “Match TV”, “TRT1”, şeýle hem “Futbol 1” teleýaýlymlaryndan göni ýaýlymda görmek mümkinçiligine eýe boldy.

 

Ýene-de okaň

Ronaldo “Al-Nasr” bilen meýdança çykdy we gol geçirdi

Türkmenistanda täze milli howpsuzlyk ministri wezipä bellendi

Gazagystan 32 ýyldan soňra ýene-de altyn Olimpiýa medalyny gazandy

Türkmenistanda 2026-njy ýylda 5300-e golaý täze iş orny dörediler

Türkmenistanda 2026-njy ýylda açyljak desgalar

Türkmenistanda ýolbaşçylary wezipe bellemek boýunça kararlar