BIZNES

Russiýanyň ýük teplowozlary Aşgabada geldi

Russiýa Federasiýasynyň Brýansk maşyngurluşyk zawodynda öndürilen ýük teplowozlarynyň 5-si Aşgabat şäheriniň demir ýol menziline gelip gowuşdy.

Russiýanyň «Transmaşholding» paýdarlar jemgyýetiniň Brýansk maşyngurluşyk zawody Türkmenistana «2ТЭ25КМ» kysymly 5 sany ýük teplowozyny ugradandygyny 31-nji oktýabrda habar beripdi. Zawodyň ýük teplowozlary özüniň kyn howa şertlerde ýokary agramly ýükleri çekip bilijilik aýratynlyklary bilen tapawutlanýar.

Brýansk maşyngurluşyk zawodynyň «2ТЭ25КМ» kysymly ýük teplowozlary Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň demir ýol düzümlerinde ulanylýar. Russiýanyň demir ýol kompaniýalarynyň sargytlary esasynda, şu güne çenli şeýle kysymly teplowozlaryň 600-den gowragy öndürildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 3 aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Aşgabatda “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly köpugurly halkara sergi geçirilýär

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar

Gruziýa türkmen nebitini satyn almagy meýilleşdirýär

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi

Aşgabatda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi geçiriler