BIZNES

Aşgabatda «Türkmentel — 2022» halkara sergisi geçirilýär

Şu gün paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2022» atly XV halkara sergisi öz işine başlady. Däp bolşy ýaly, günüň ikinji ýarymynda bu ýerde ugurdaş ylmy maslahat guralar. Bu sergä “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň “www.atavatan-turkmenistan.com” saýtynyň žurnalistleri hem gatnaşýar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde guralýan forumyň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagyny diňlediler.

Ýeri gelende bellesek, nobatdaky gözden geçirilişe ýurdumyzyň döwlet we hususy düzümleriniň 36-synyň, daşary ýurt kompaniýalarynyň 20-den gowragynyň wekilleri gatnaşýarlar. Şolaryň hatarynda maglumat tehnologiýalary bazarynda öňdäki orunlary eýeleýän «Nokia», «Huawei», «Thales Alenia Space», «Delta Telecom Ltd», «Rostelecom», «Eastwind», «Azertelecom» ýaly ýöriteleşdirilen kompaniýalar bar. Olar sergi diwarlyklarynda öz mümkinçilikleri, öndürýän önümleri we hödürleýän hyzmatlary bilen tanyşdyrýarlar.

«Türkmentel — 2022» sergisiniň mazmuny, ilkinji nobatda, şu günki günde örän uly isleg bildirilýän maglumat tehnologiýalaryna gönükdirilendir. Şoňa görä-de, bu ýere gelen myhmanlar ýakyn wagtda Türkmenistanda ornaşdyrylyp bilinjek iň täze, uly gyzyklanma bildirilýän tehnologiýalar bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik alýarlar.

Günüň ikinji ýarymynda öz işine başlajak ugurdaş ylmy maslahatyň maksatnamasy bolsa halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek we daşary ýurt maýa goýumlaryny, tehnologiýalaryny, taslamalaryny ýurdumyzyň maglumat-telekommunikasiýa ulgamyna çekmek, kosmos tehnologiýalary, sarp edijileri ygtybarly we ýokary hilli hyzmatlar bilen üpjün etmek, sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak ýaly meseleleri öz içine alar. Şeýle-de forumyň ikinji gününde «Sanly çözgüt — 2022» atly bäsleşigiň jemleri jemlener. Häzirki wagtda çenli bu bäsleşige ýokary okuw mekdepleriniň talyplarydyr hünärmenleri gatnaşyp, öz taýýarlan taslamalarynyň 240-dan gowragyny hödürlediler.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy täzelendi

2025-nji ýylda Türkmenistanda 76 milliarddan gowrak tebigy gaz öndürildi

Türkmenistan Eswatini Patyşalygyna SIM-kart we LED çyra eskport eder

«Türkmenhimiýa» döwlet konsernine täze ýolbaşçy bellenildi

Türkmenistan bilen Ýaponiýa ylmy tehnologiýa hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistan nemes işewürler jemgyýetçiligi bilen duşuşyga gatnaşdy