Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky “Maşgala” bank kartynyň hyzmatlaryny hödürleýär.
«Maşgala» bank karty müşderiniň «Altyn asyr» bank kartynyň hasabynda bar bolan serişdelerden peýdalanmaga mümkinçilik berip, maşgala agzalaryna, şeýle-de 7 ýaşdan uly çagalara:
— ýurdumyzyň çäginde başga şäherlere dynç almaga we syýahata gidenlerinde, olary pul serişdeleri bilen üpjün etmek üçin;
— çagalara we talyplara gerekli okuw esbaplaryny we beýleki harytlary satyn almak üçin;
— maşgala agzalaryna gündelik çykdajylaryny tölemek hem-de nagt däl hasaplaşyklary amala aşyrmak üçin «Internet bank» we «Mobil bank» hyzmatlaryny hödürleýän dürli amatlyklardan, şol sanda gije-gündiz işlemek tertibinde bank kartynyň galyndysyny bilmek, karzlaryň göterimini we esasy bergisini tölemek, telefon, öýjükli telefon, IP telewideniýäniň we internetiň hasabyny doldurmak ýaly amallardan peýdalanmak üçin şertleri döredýär.
«Maşgala» bank kartlaryny ulanmak her bir raýat üçin amatlydyr we ygtybarlydyr.
Bu bank kartyny açmak üçin «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynyň merkezi edarasyna ýa-da şahamçalaryna ýüz tutup bilersiňiz.
Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 44-03-04.
Şahamçalaryň salgylary we telefon belgileri bankyň www.tnbk.tm resmi saýtynda ýerleşdirilendir.
