JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti noýabr aýynda BAE-de saparda bolar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň noýabr aýynda Birleşen Arap Emirliklerinde saparda bolar. Bu barada “orient.tm” neşiri BAE-niň Türkmenistandaky ilçihanasynyň “Instagram” jemgyýetçilik toruna salgylanyp habar berýär.

BAE-niň Prezidenti Muhammed b’n Zayed al Nahaýanyň çakylygy boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň bu ýurda resmi sapary guralar. Bu saparyň guramaçylyk meseleleri Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Berdiniýaz Mätiýew bilen BAE-niň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmed Al-Haý Al-Hameliniň arasynda geçirilen duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen duşuşyga Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň  dolandyryjy geňeşiniň başlygy Rahymberdi Jepbarow hem gatnaşdy.

Related posts

“Instagram”: hasabyňyzy hemişelik aýyrmak

Ata Watan Eserleri

Aspirantura, ordinatura we doktorantura kabul ediljek dalaşgärler

vepa

Türkmenistanyň Prezidenti we türkmen halkynyň Milli Lideri maşgala agzalary bilen Täze ýyly garşyladylar

Leave a Comment