Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ösüşleri bedew badyna deňelýän Türkmenistanda durmuşa geçirilýän maksatnamalardyr iri taslamalar, ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryny gurşap alýan oňyn özgertmeler ýurdumyzy dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine ýetirmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak ýaly belent maksatlary özünde jemleýär. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hem bu döwletli başlangyçlardyr özgertmeler giň gerime eýe bolýar, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny pugtalandyrmaga gönükdirilen beýik işleriň çäklerinde ykdysadyýetimiziň dürli pudaklary bilen birlikde, ylymda, bilimde, medeniýetde, sportda, saglygy goraýyşda we beýleki ulgamlarda ägirt uly işler üstünlikli amala aşyrylýar.
Üstümizdäki ýylda badalga berlen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» geljekki ösüşlerimiziň binýadydyr. Onda ähli ulgamlaryň ösüş derejesini ýokarlandyryp, ilatyň maddy hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmak bilen birlikde, döwrebap şäherleri, şäherçeleri we obalary döretmek ýaly anyk maksatlar öz beýanyny tapýar.
Şeýle hem ýurdumyzy bag-bossanlyga öwürmek babatda hem giň gerimli işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli işleriň biri hem ata Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek baradaky maksatnamanyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegidir. Munuň özi ýaşaýşy gurşap alýan tebigaty, ekologiýany gorap saklamak, geljekki nesillere ýetirmek bilen bagly bütindünýä işine bolan saldamly goşantdyr.
Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynyň 31-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynda hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda däbe öwrülen ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmäge örän jogapkärli çemeleşmegiň zerurdygyny nygtap, bag ekiljek ýerleri we nahallary taýýarlamaga, geçiriljek döwlet ähmiýetli çäräniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmäge üns bermek barada degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi. Şeýlelikde, ýurdumyzda 5-nji noýabrda güýzki bag ekişlik möwsümine badalga berildi.
Türkmenlerde bag ekmek sogap iş hasaplanylýar. Şol sebäpli hem geçirilýän bag ekmek çäresine ýurdumyzyň ähli ilaty agzybirlikde işjeň gatnaşýar. Diýarymyzda güýz hem ýaz pasyllarynda köpçülikleýin bag ekmek tebigatymyzyň gözelligini artdyrmak bilen birlikde, onuň ekologiýa arassalyk derejesiniň ýokarlanmagyna öz täsirini ýetirýär. Alymlaryň we degişli hünärmenleriň tassyklamagyna görä, şäherleriň we ilatly ýerleriň töwereginde, ulag ýollarynyň ýakalarynda saýalyk baglaryň ekilmegi howanyň hapalanmagynyň öňüni alýar. Munuň bolsa adamlaryň saglygyna ýetirýän oňyn täsiri bimöçberdir. Suwly ýaplaryň, akabalaryň kenarlaryna saýalyk baglaryň ekilmeginiň topragy we kenary berkitmekde peýdasy uludyr.
Ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşawy goramak boýunça konwensiýalaryna goşulyp, durnukly ösüş boýunça dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde duran wezipeleri çözmäge işjeň gatnaşýar. Döwletimiz bu ugurda BMG-niň Ösüş maksatnamasy ýaly abraýly halkara we sebit guramalary bilen hyzmatdaşlyk edýär hem-de ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen teklipleri yzygiderli öňe sürýär.
Ýagşymyrat Altymyradow,
Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň öwreniji-mugallymy.
