SIZDEN GELENLER

Google-dan täze 4 aýratynlyk

Häzirki wagtda birnäçe dünýä belli kompaniýalar özlerinde bar bolan programmalara täzeçillikleri girizýärler.  Şeýle kompaniýalaryň biri-de Google kompaniýasy bolup ol «Google smsler» bölümine getirjek täze aýratynlyklaryny yglan etdi. Bölümiň hilini ýokarlandyrjak bu täzelenmeleriň arasynda ses habarlarynyň transkripsiýasy ýaly täzeligiň bolmagy hem ulanyjylaryň ünsüni özünde jemleýär.

Taýýar sözler gelýär. Habarlara goşuljak taýýar sözlemleriň kömegi bilen ulanyjylar biri-birine has çalt jogap berip bilerler.

Habarlarda sanlar registrasiýa ediler. Habarlaşma wagtynda geçen seneleri göni ýatlatma goşup bolýar.

Hat ýazyşýan wagtyňyzda You Tube-a tomaşa edip bilersiňiz. Ulanyjylar söhbetdeşlikden çykmazdan göni You Tube wideolaryna tomaşa edip bilerler.

Sesli sms-ler harpyň üsti bilen ýazylar. Ulanyjylar köpçüligiň içinde diňlemek islemeýän ses habarlaryny ýazylan görnüşde okap bilerler.

Bu aýratynlyklaryň ýakyn wagtlarda durmuşa geçirilmegine garaşylýar!

Şamuhammet SERDAROW,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we Informatika institutynyň 3-nji ýyl talyby.

 

Ýene-de okaň

Energetika howpsuzlygy-durnukly ösüşiň kepili

Nebitgaz pudagy – ykdysadyýetiň daýanjy

Ata Watan Eserleri

Telekeçiligi ösdürmek – esasy ugur

Bedewler – türkmeniň buýsanjy

Ylym-bilim – bagtyýar geljegiň şamçyragy

Türkmeniň keçe sungaty – taryhy sungat

Ata Watan Eserleri