JEMGYÝET

Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekilleri okuw maslahatyny geçirer

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde Bütindünýä rekordlary guramak boýunça geňeşçi Aýdyn Türkgüjü bilen gürrüňdeş boldy.

Bütindünýä rekordlary guramak boýunça geňeşçi Aýdyn Türkgüjü Ahal welaýatynyň täze merkezinde geçirilmegi meýilleşdirilýän “Organiki bakjalyk we onuň ekologiýa goşýan goşandy” atly okuw sapagynyň guramaçylyk meseleleri, maksatlary we wezipeleri barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, türkmen tebigatynyň bu özboluşly künjegi, sebitiň täze merkeziniň töwereklerinde ösdürilýän ekerançylyk, bagçylyk bu ýerde ekologik abadançylygyň saklanýandygynyň subutnamalarydyr. Şu nukdaýnazardan, okuw sapagyny guramak üçin hut şu ýeriň seçilip alynmagy tötänden däldir.

Aýdyn Türkgüjü bu giň möçberli okuw maslahatyny guramagy we oňa gatnaşmagy özi üçin uly hormat saýýandygyny belläp, çäräniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi ugrunda edilýän tagalla üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirdi.

Soňra Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekilleri tarapyndan bu ýerde 500 hünärmene niýetlenen okuw maslahatynyň guramaçylykly geçirilmegi ugrunda edilen tagallalar barada habar berdi.

 

Ýene-de okaň

Daşoguz welaýatynda Hytaýdan getirilen gowaça sortlary ekilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekili BMG-niň Baş Assambleýasynyň Başlygy bilen duşuşdy

Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşurylar

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkmenistandaky “Mosaic Visa” kompaniýasy 4-nji maýda täze ofisine geçýär

Türkmenistanda täze talyp haklary giriziler