JEMGYÝET

Türkmenistan “ÝB-Merkezi Aziýa” sammitine gatnaşdy

Türkmenistanyň hökümeti “Ýewropa Bileleşigi-Merkezi Aziýa” sammitine gatnaşdy. Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde geçirilen bu sammite Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Şarl Mişel gatnaşdy.

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Geldimyrat Hojamyradow gatnaşdy.

Sammitde ÝB bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Soňky 10 ýylda ÝB-niň Merkezi Aziýa ýurtlaryna 120 milliard dollardan gowrak maýa goýdy, bu sebitdäki göni daşary ýurt maýa goýumlarynyň 40 göterimidir.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti türkmen halkyny Gadyr gijesi bilen gutlady

Türkmenistan Eýrana ynsanperwerlik kömegini iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti we türkmen halkynyň Milli Lideri agzaçar sadakasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Taryhy gymmatlyklarymyz Rimiň Kapitoliý muzeýinde görkezilýär

Türkmenistanda 21-nji martda ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler

Türkmenistan Eýrana ynsanperwer kömegini iberýär