Mälim bolşy ýaly, şu günler paýtagtymyz Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022» atly halkara maslahat we sergi geçirilýär. Şonuň çäklerinde Türkmenistanyň degişli pudak edaralary bilen daşary ýurtly kompaniýalaryň arasynda nebitgaz pudagynda birnäçe möhüm ylalaşyklara gol çekildi.
«Türkmennebit» döwlet konserni bilen Hytaýyň “Shandong kerui petroleum” kompaniýasynyň arasynda ylalaşyk gazanyldy. Mundan başga-da, Italiýanyň “ProBusiness S.r.l” Germaniýanyň “Hybrid Innovation GmbH” we “RMA Kehl GmbH & Co. KG”, şeýle hem “Crikem DMCC” we “Boshorus” arap kompaniýalary hem-de “Webtoll Services Limited” kompaniýays bilen ylalaşyklar baglaşyldy.
Hytaýyň “Shandong kerui petroleum” kompaniýasy özüniň nebitgaz pudagy babatda öndürýän önümlerini Türkmenistan iberer. Bu kompaniýa nebiti öndürmekde we täze energiýa çeşmelerini ösdürmekde ýöriteleşen çözgüt we hyzmat üpjün edijidir.
