Ýurdumyzda 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda öz milli pulumyzyň dolanyşyga girizilen gününden bäri geçen döwürde onuň durnuklylygyny saklamak boýunça uly işler bitirildi. Manat Watanymyzyň çäginde ýeke-täk kanuny töleg serişdesi bolmak bilen, soňky ýyllarda öz hümmetini has-da berkitdi.
Häzirki wagtda milli manadymyz ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini alamatlandyrýan, garaşsyzlygymyzy, döwletliligimizi şöhlelendirýän özboluşly nyşanlaryň biri hökmünde göz öňümizde janlanýar. Bilşimiz ýaly, 1993-nji ýylyň 1-nji noýabryndan ýeke-täk kanuny töleg we hasaplaşyk serişdesi hökmünde türkmen manady dolanyşyga girizildi. Şu geçen 29 ýyllyk taryhy ýol ýurdumyzyň maliýe, ykdysady we bank ulgamlarynda ýetilen sepgitlere, gazanylan ösüşlere we amala aşyrylan ajaýyp özgertmelere şaýatlyk edýär. 2009-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda milli manadymyzyň denominasiýasy geçirildi. Manadyň goraglylygyny we satyn alyp bilijilik ukybyny ýokarlandyrmak hem-de halkara ülňülerine laýyk getirmek boýunça ýerine ýetirilen çäreleriň netijesinde 2012, 2014, 2017-nji ýyllarda modifisirlenen banknotlaryň dolanyşyga girizilendigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýan pul-karz syýasaty netijesinde uly üstünlikler gazanylýar. Bu syýasatyň çäklerinde milli manadyň satyn alyp bilijilik ukybyny durnukly saklamak, bank hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek, hil taýdan täze, has ýokary derejä götermek, bank ulgamyna dünýä tejribesiniň öňdebaryjy usullaryny we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, manadyň hümmetini ýokarlandyrmak, netijeli maliýe gurallaryny işläp düzmek ýaly köpugurly işler üstünlikli amala aşyrylýar. Raýatlaryň aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberini yzygiderli ýokarlandyrmak barada her ýylda kabul edilýän kararlar puluň höweslendiriş häsiýetine aýratyn ähmiýet berilýändigini görkezýär.
Milli pullar islendik bir döwletiň ykdysadyýetiniň aýrylmaz bölegi hasaplanylýar. Uzak taryhy geçmişe göz aýlasak, pul harydyň alyş-çalyş gymmatynyň taryhy ösüşiniň netijesinde emele gelipdir. Dürli döwürlerde halklaryň arasynda pullaryň dürli görnüşleri ulanylypdyr. Pullaryň şeýle giňden ulanylmagy netijesinde, öý hojalyklarynyň we döwletleriň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň çägi has-da giňäpdir. Şu jähetden, wagtyň geçmegi we özara alyş-çalşyň düýpli ösmegi bilen, pul düşünjesiniň üsti nagt däl hasaplaşyklaryň bank kartlary, elektron pul hem-de elektron gapjyk ýaly zamanabap gurallary esasynda ýetirilipdir.
Milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagy, halkyň hal-ýagdaýynyň günsaýyn gowulanmagy ugrunda edýän aladalary üçin hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys. Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, başynyň dik, mertebesiniň belent bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.
Kümüş Ataýewa,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň
2-nji ýyl talyby.
