Häzirki wagtda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde gazanylan oňyn netijeler, ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak hem-de diwersifikasiýalaşdyrmak syýasatynyň döredýän mümkinçilikleri ösüşiň ykdysady we durmuş şertlerini özara baglanyşdyrmagyň möhüm guraly bolup durýar. 10-njy oktýabrda şu ýylyň 9 aýynyň netijelerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzda jemi öndürilen önümiň, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,9 göterim artandygy bellenildi. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän maksatnamalaryň, şeýle-de dünýä ykdysadyýetindäki çökgünlik hadysalarynyň Türkmenistana ýetirip biljek oňaýsyz täsirleriniň öňüni almaga gönükdirilen çäreleriň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň ýokary ösüş depgininiň durnukly ýagdaýda saklanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Eziz Diýarymyzda raýatlarymyza döwrebap derejede hyzmat etmek, sanly bank hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek, geçirilýän hasaplaşyklary tizleşdirmek maksady bilen, netijeli işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda döwlet tarapyndan dürli görnüşli bank kartlaryny çykarmak, ýurdumyzyň ähli söwda we hyzmat ediş nokatlarynda töleg terminallaryny hem-de sanly bank hyzmatlarynyň ornaşdyrmak babatdaky işlere yzygiderli ýagdaýda maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. Bank ulgamynda nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmäge we onuň täze görnüşlerini bank önümçiligine ornaşdyrmaga aýratyn üns berilýär.
Energiýanyň daşky gurşawa zyýansyz, gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini peýdalanmagyň tehnologiýalaryny işläp düzmek ýurdumyzyň energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde öňde durýan möhüm wezipedir. Bu wezipä geljekde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde uly ornuň degişlidigini nazarda tutup, Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda «Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek boýunça Milli strategiýasy” kabul edildi. Strategiýany durmuşa geçirmegiň çäreleriniň hukuk esaslaryny berkitmek maksady bilen 2021-nji ýylyň 13-nji martynda «Energiýanyň dikeldilýän çeşmeleri hakynda» Kanun kabul edildi. Bu ugurda hem netijeli işler alnyp barylýar.
Şeýle hem ýurdumyzyň ykdysadyýetin möhüm orun eýeläýn ulag pudagyny düýpgöter özgertmek boýunça hem uly tagallalar edilýär. Türkmenistanyň döwrebap üstaşyr ulag düzümini, aragatnaşyk hem-de telekommunikasiýalar ulgamyny ösdürmek babatda, şeýle hem Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek boýunça soňky ýyllarda ädýän ädimleri diňe bir milli ykdysadyýetiň ilerledilmegine däl, eýsem sebitiň rowaçlygyna uly itergi berýär. Bu babatda 2018-nji ýylyň maýynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň açylyp ulanmaga berilmegi möhüm ähmiýete eýe boldy. Halkara deňiz porty uly möçberli ýük akymlarynyň ýoluny gysgaltmaga we wagty tygşytlamaga mümkinçilik berýär. Ýeri gelende aýtsak, Amyderýanyň üstünde gurlan awtoulag we demir ýol köprüleriniň içerki gatnawlar üçin-de, üstaşyr gatnawlar üçin-de belli bahasy ýokdur.
Ýurdumyzyň ulag ulgamyny ösdürmek, halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek, bu babatda halkara ulgama goşulyşmak bilen bagly wezipeler degişli Maksatnamalarda we Konsepsiýalarda öz beýanyny tapýar. Şoňa görä-de, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» ýurdumyzyň köpugurly yklymara logistika ulgamlaryny döretmäge işjeň gatnaşmagy, Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän üstaşyr ulag geçelgelerini giňeltmek boýunça uzak möhletli we yzygiderli halkara hyzmatdaşlygy alyp barmak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen bir hatarda, häzirki wagtda ýurdumyzy ýakyn 10 ýylda Ýewraziýada ulag ulgamy babatda esasy ýurtlaryň birine öwürmek boýunça giň gerimli işleriň durmuşa geçirilýändigini hem bellemek gerek.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimizi ösdürmek babatda amala aşyrylýan bu giň gerimli işler, bir söz bilen aýdanyňda, raýatlarymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir.
Ogulbaýram Hatjyýewa,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň
Ýokary matematika kafedrasynyň mugallymy.
