TEHNOLOGIÝA

“WhatsAPP” habarlaşma Applikasiýasy birnäçe sagatdan bäri işlänok

Türkiýe sagady bilen 10:00-da “WhatsApp” applikasiýasy işlemän galdy. Tutuş dünýäde bu applikasiýa elýetersiz bolup, käbir ulanyjylar habarnamalary iberip bilmediler. Käbir ulanyjylar bolsa, habarnamalary iberip, ýöne jogabyny alyp bilmändigi üçin şikaýat etdiler.

Bu goşundynyň işlemän galmagy bilen köp sanly ulanyjylar “Telegram” jemgyýetçilik toruny ulanyp başladylar. Dünýä belli “Meta” kompaniýasy özüniň “WhatsApp” goşundysynyň näme sebäpden işlemän galandygy barada hiç hili maglumat bermedi.

“WhatsApp” -da iki milliard töweregi global işjeň ulanyjy bar. Angliýada iň meşhur habarlaşma platformalarynyň biridir

Related posts

Bir millionynjy elektrokaryny öndürdi

“Tesla” sport ulagyny öndürer

Ata Watan Eserleri

“iPhone 15” smartfony tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment