SPORT

Sport taryhyndaky iň uly şertnama

Fransiýanyň “PSŽ” toparynyň hüjümçisi Kilian Mbappe bilen baglaşylan şertnama sport taryhyndaky iň uly şertnamalaryň biridir.  Bu barada “Le Parisien” neşiri maglumat berýär.
Bu maglumata görä, topar bilen futbolçynyň arasynda geçen ýylyň möwsüminde gol çekilen ylalaşyk esasynda 3 ýylda futbolçy 636 million ýewro gazanar.
Futbolçynyň ýyllyk aýlyk haky 72 million ýewro, şertnama baglaşandygy üçin tölenýän goşmaça haky bolsa 180 million ýewro. Bu pul serişdesi 3 tapgyra bölünip berler.
Şeýle hem Mbappe topara ygrarly bolup galýandygy üçin hem goşmaça hak alar. 2023-nji ýylyň tomsunda oňa 70 million, 2024-nji ýylda 80 million, 2025-nji ýylda bolsa 90 million ýewro tölener.

 

Related posts

“Premýer Ligada” möwsümiň gymmat oýunçylary belli boldy

Gysgaça sport täzelikleri: Alaba “Reala” geçmekçi

Çempionlar ligasy bijeleri: Messi bilen Ronaldo ýene-de duşuşýar

Leave a Comment