DÜNÝÄ

Si Szinpin gaýtadan saýlandy

Şu gün Hytaý Halk Respublikasynyň Kumministik partiýasynyň Merkezi komiteti Si Szinpini Baş sekretar wezipesine 3-nji möhlete saýlady. Bu barada “Sinhua” habarlar gullugy habar berdi.

Şeýle hem Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň döwlet baştutany hem-de HHR-iň Merkezi harby geňeşiniň başlygy wezipelerini hem saklap galjakdygy bellenilýär.

Mundan başga-da, Kommunistik partiýanyň Merkezi komiteti partiýanyň Merkezi komitetiniň syýasy býurosynyň täze düzümini saýlady.

PArtiýanyň 20-nji çagyryşynyň birinji mejlisinde geçirilen ses berlişikde syýasy komitetiň agzalygyny Si Szinpin, Li Sýan, Çžao Leszi, Wan Hunin, Li Si, Saý Si we Din Sýuesýan saýlandy.

Hemişelik komitetiň 7 agzasyndan başga-sda syýasy býuronyň düzümine Ma Sinžuý, Wan I, In Li, Şi Taýfun, Lýu Goçžun, Li Gansze, Li Şuleý, Lin Hunçžun, He Weýdun, He Lifen, Çžan Ýusýu, Çžan Gosin, Çen Wensi, Çen Szinin, Çen Miner, Ýuan Szýanzýun, we Huan Kunmin saýlandy.

Related posts

Gyrgyzystanda ilkinji Gün energiýasy elektrik stansiýasy açyldy

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda Hytaýyň döredilmeginiň 76 ýyllygyna bagyşlanan dabara geçirildi

Ata Watan Eserleri

Nemes kompaniýalary Türkmenistanyň halkara infrastruktura taslamalaryna gyzyklanma bildirýär

Leave a Comment