JEMGYÝET

Türkmenistandan Si Szinpine gutlag haty iberildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin ýaýradan maglumatynda, şu gün, 2022-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylarynyň Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Sýan Naýçen bilen duşuşygy geçirildi.

Şol duşuşykda Hytaýyň ilçisine türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Milli Geňeşiniň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň Hytaý Halk Kommunistik Partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Baş Sekretary wezipesine gaýtadan saýlanmagy mynasybetli gutlag hatlary gowşuryldy.

Mälim bolşy ýaly, Hytaý Halk Kommunistik Partiýasynyň Merkezi Komiteti partiýanyň Baş Sekretary wezipesine Si Szinpini üçünji möhlete saýlady

Related posts

Türkmen halkynyň Milli Lideri Beýik Britaniýada saparda bolýar

Orta Asya Liderlerinin Zirvesi gerçekleşti

vepa

Türkmenistanda täze etraplaryň birnäçesini döretmek teklip edilýär

Leave a Comment