DÜNÝÄ

44 günlük Premýer-ministr Liz Trass wezipesini tabşyrdy

Beýik Britaniýanyň täze saýlanan Premýer-ministri Liz Trass wezipesini tabşyrjakdygyny mälim etdi. Ol 45 gün mundan ozal, ýurduň Premýer-ministri wezipesine saýlanypdy.

Liz Trass özüniň täze oruntutary saýlanýança wezipesine dowam etdirer. Şeýle hem Trass patyşa Karl III wezipesini meýletin tabşyrýandygyny üçin ötünç soraýandygyny belledi.

Beýik Britaniýanyň täze saýlanan Premýer-ministri Liz Trass garaşylan netijeni berip bilmedi. Onuň Beýik Britaniýanyň ykdysady kynçylyklary bilen baş edip bilmändigi bellenildi.

– Men Premýer-ministriň edarasynda durnukly däl döwürde geldim. Maňa ýurduň energetika pudagyndaky ýagdaýlary üýtgetmek, salgytlary azaltmak hem-de ykdysady ösüşi gazanmak mandaty ynanyldy. Ýöne men bu wezipeleri ýerine ýetirip bilmejekdigime göz ýetirdim – diýip, syýasatçy belläp geçdi.

Mälim bolşy ýaly, bir-iki günlükde ýurduň içeri işler ministri Suella Brawerman hem-de maliýe ministri Kwazi Kwarteng wezipesini meýletin tabşyrypdy.

Beýik Britaniýanyň ozalky Premýer-ministri Boris Jonsonyň ornuna saýlanan Liz Trass bu ýokary derejeli wezipe üçin Rişi Sunak bilen bäsleşipdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşdy

TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Döwlet kitaphanasynda myhmançylykda boldy

Türkmenistan bilen Pakistan uçar gatnawlaryny ýola goýmagy maslahatlaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary bilen duşuşdy

Azerbaýjan Bütindünýä daşky gurşaw gününe taýýarlanýar