Şu gün Söwda-senagat edarasynda «Dizaýn — 2022» atly Aşgabat forumy we «Araçäksiz dizaýn» atly halkara sergi öz işine başlady. Ol türkmen paýtagtyny «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizmek babatda alnyp barylýan işleriň çäklerinde Aşgabat şäheriniň häkimligi we ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň Sekretariaty tarapyndan bilelikde guraldy.
Açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtly myhmanlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Paýtagtymyzyň döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna beslenen dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Onda Aşgabat şäherini «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizmek babatda alnyp barylýan işleri mazmun taýdan baýlaşdyrmakda bu çäreleriň ähmiýetine üns çekilýär.
Şu günki forum we halkara sergi pudagara derejedäki, şeýle-de türkmen telekeçileriniň, döredijilik ussatlarynyň dünýäniň işewür toparlary bilen gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, täze hyzmatdaşlygy ýola goýmaga, özara tejribe alyşmaga giň mümkinçilikleri döreder. Hususan-da, «Araçäksiz dizaýn» atly halkara sergi ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň we düzümleriniň, binagärleriň, dizaýnerleriň, heýkeltaraşlaryň täze teklipleridir gazananlary bilen tanyşdyrar.
Ýeri gelende bellesek, medeni we durmuş integrasiýasyna maýa goýmaga taýýar bolan şäherleriň arasynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen 2004-nji ýylda döredilen ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna häzirki wagtda dünýäniň 90 ýurdundan şäherleriň 300-e golaýy girýär. Bu özboluşly tor, esasan, «Senetçilik we folklor sungaty», «Dizaýn», «Film», «Aşhana», «Edebiýat», «Media sungaty», «Aýdym» ýaly 7 ugurda iş alyp barmak bilen, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin şäherleriň döredijilik we innowasion mümkinçiliklerini goldamak babatda umumy tagallalary açyp görkezýär.
Gahryman Arkadagymyz Aşgabady ösdürmegiň şähergurluşyk konsepsiýasynda milli binagärligiň däplerini öňdebaryjy binagärlik çözgütleri bilen utgaşdyrmagy esasy ýörelgeleriň biri hökmünde kesgitledi. ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilmegi bolsa ak şäherimiz Aşgabadyň gözelliklerini, onuň türkmenistanlylaryň buýsanjyna öwrülen ajaýyp binalaryny, oňaýly ýaşamak, medeniýetli dynç almak babatda özboluşly mümkinçiliklerini dünýä jemgyýetçiligine giňden açyp görkezmekde nobatdaky möhüm ädim bolar.