DÜNÝÄ

Türkmenistan 97 sany halkara resminama gol çekdi

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri baradaky hasabaty bilen çykyş etdi. Hasabat döwründe “Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmek maksady bilen, degişli işler alnyp baryldy.

Hasabat döwründe jemi 126 sany wekiliýet döwletimize sapar bilen geldi. Şol bir wagtyň özünde Türkmenistandan daşary ýurtlara 199 sany wekiliýet ugradyldy. Göni wideoaragatnaşyk arkaly 1 müň 187 sany dürli derejedäki duşuşyklar geçirildi. Ýylyň dowamynda 97 sany halkara resminama gol çekildi. Daşary syýasy edaralaryň ugry boýunça ikitaraplaýyn geňeşmeler yzygiderli esasda geçirilýär.

Şeýle-de daşary ykdysady gatnaşyklary ösdürmek boýunça yzygiderli çäreler amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 23-nji fewralynda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde geçirilen Bütindünýä Söwda Guramasynyň Baş geňeşiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň bu gurama “goşulyşýan döwlet” (işjeň synçy) derejesine eýe bolandygy bellenildi.

Şu ýylyň 15-nji martynda ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň Halkara söwda hukugy boýunça komissiýasynyň 2022 — 2028-nji ýyllar döwri üçin agzalygyna saýlanyldy. Şeýle-de hasabat döwründe bilelikdäki hökümetara toparlaryň we beýleki ugurdaş düzümleriň çäklerinde yzygiderli işler amala aşyryldy. Ýanwar — sentýabr aýlarynda bu ugurda birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklar we gepleşikler guraldy.

Ýene-de okaň

Suw hojalygy boýunça döwletara komissiýasynyň mejlisi geçirildi

Türkmenistanyň ilçisi Koreýa Respublikasynyň milli baýramynyň dabarasyna gatnaşdy

Russiýanyň we ABŞ-nyň Prezidentleriniň taryhy duşuşygy

Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşygy

Moskwa şäherinde «BMG – 80 oýunlary» atly sport ýaryşlaryna badalga bermek dabarasy geçirildi