Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda beýik ösüşler gazanylýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň künjeklerinde täze binalar, desgalar gurlup ulanmaga berildi. Munuň özi «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzyň uly üstünliklere beslenýändigini, ösüşleriň aýdyň ýolundan ynamly öňe barýandygyny beýan edýär.
Esasan hem «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak boýunça bellenilen wezipeler amal edilýär.
Hususy ulgamyň mümkinçilikleri has-da giňdir we şunda senagatda, sanly ulgamy ösdürmekde möhüm ugurlara üns bermek bolýar. Daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan harytlary öndürmek, elektron senagatyny ösdürmek hususy ulgamyň paýyna düşýär. Şonuň üçin hem milli ykdysadyýetimizde telekeçilige uly üns berilýär. Oba hojalygynda hem telekeçiler miweçilik, üzümçilik ýaly ugurlary yzygider ösdürýärler. Umuman aýdanyňda, hususy ulgamyň uly mümkinçiliklerinden peýdalanmaga döwlet derejesinde aýratyn üns berilýär.
Telekeçiler döwletiň azyk garaşsyzlygynyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýärler we öňlerinde goýlan maksada ýetmäge ymtylýarlar. Şol maksat bolsa Türkmenistany eksport ugurly kuwwatly ykdysadyýeti bolan ýurda öwürmekden ybaratdyr. Hususy önüm öndürijiler obasenagat toplumynyň özgerdilmegine goşantlaryny goşup, hojalygy ýöretmegiň täzeçil usullaryny işjeň çekýärler, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, täze suwarymly ýerleri özleşdirmegiň, şol ekerançylyk ýerlerinde goşmaça oba hojalyk ekinlerini ekmegi, üsti ýapyk toprakda ýylyň dowamynda gök önümleri ösdürip ýetişdirmäge mümkinçilik berýän ýyladyşhana hojalyklaryny guramagyň hasabyna hasyllylygyň ýokarlandyrylmagyny üpjün edýärler. Bu bolsa içerki bazarlary haryt bilen baýlaşdyrmaga hem-de önümleriň eksporta iberilýän möçberini artdyrmaga mümkinçilik berýär.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 23-nji sentýabrynda geçiren mejlisinde ýer eýeleriniň önüm öndürmäge bolan höwesini artdyrmak, hasyllylygyň derejesini ýokarlandyrmak, hojalyklardaky mallaryň iým üpjünçiligini gowulandyrmak maksady bilen möhüm Karara gol çekdi.
Resminama laýyklykda 2022-nji ýylyň hasylyndan başlap, ýerleriň kärendeçilerinden, peýdalanyjylaryndan we eýelerinden döwlet tabşyrygy esasynda kabul edilýän bugdaýyň, pagtanyň, gant şugundyrynyň 50 göterimini gaýtadan işlemekden alynýan kepegi, saruny, künjarany we şugundyr lötüni, degişlilikde, önüm öndürijilere döwlet tarapyndan düzgünleşdirilýän bahalardan satmak bellenildi. Döwletimiz tarapyndan ýer eýeleriniň bol önüm öndürmekleri üçin edilýän şeýle aladalar olaryň zähmet girdejileriniň artmagyna, şonlukda ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlanmagyna hem oňyn täsirini ýetirýär.
Laçyn Akmyradowa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
