SPORT

Mbappe – dünýäniň iň gymmat futbolçysy

Fransiýanyň “PSŽ” toparynyň hüjümçisi Kilian Mbappe dünýäniň iň gymmat futbolçysy boldy. “TransferMarkt” neşiriniň habaryna görä, Mbappeniň bahasy 160 million ýewro deňdir.

Dünýäniň iň gymmat futbolçylaryň sanawynda ikinji orunda “Mançester Siti” toparynyň norwegiýaly hüjümçisi Erling Holand durýar. Onuň bahasy 150 million ýewrodyr. Üçünji orunda “Real Madrid” toparynyň ösüp gelýän ýyldyzy Winisius barýar we onuň bahasy 120 million ýewro deňdir.

“Barselona” toparynyň ýaş ýyldyzy Pedriniň bahasy bolsa 90 million ýewro bolup, ol 4-nji orunda orun aldy.

Bu sanawda Messi, Neýmar we Ronaldo ýaly futbolçylar orun almady.

Related posts

Maradonanyň dünýädäki iň uly suraty

Ata Watan Eserleri

Sport täzelikleri gysga setirlerde… Grizmanny satmak isleýärler

Ata Watan Eserleri

19 ýyldan soň çempion boldy

Leave a Comment