Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, güneşli Diýarymyzda himiýa senagaty batly gadamlar bilen ösýär. Aýratyn-da soňky ýyllarda ýurdumyzda çig mallaryň gaýtadan işlenilýän hem-de baýlaşdyrylýan görnüşleriniň möçberi barha artýar. Şunlukda mineral dökünleriň dürli görnüşlerini öndürmegiň hasabyna bu pudak ösüşden-ösüşe barýar.
Diýarymyzyň tebigy serişdelerini gaýtadan işlemek we özleşdirmek boýunça tehnologiýalary işläp taýýarlamak babatda giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu babatda himiýa senagatyna hem uly orun degişlidir. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz tarapyndan «Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» tassyklandy.
Ýurdumyzyň himiýa senagatyny halkara derejede ösdürmek maksady bilen, döwlet tarapyndan uly serişdeler goýberilýär. Garaşsyz Watanymyzyň dürli ýerlerinde himiýa önümlerini öndürýän döwrebap kärhanalar yzygiderli gurlup, ulanmaga berilýär. Olarda dünýäniň kämil tehnologiýalaryny ornaşdyrmak arkaly pudagyň önümçilik kuwwatlyklary yzygiderli ýokarlandyrylýar. Şeýle hem himiýa önümlerini we çig maly öndürýän hususy kärhanalary gurmak we olaryň işini ýola goýmak, telekeçiligi ösdürmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar.
Hususan-da azot, kaliý dökünlerini, kaustik sodany, kükürt kislotasyny, ammoniý sulfatyny, tebigy kükürdi, tehniki ýody, bromly demiri, rezin-tehniki önümleri, lak–reňk materiallary, sement we beýleki wajyp önümleri almaklygyň täze kuwwatlyklary döredilýär we döwrebaplaşdyrylýar. Ýokary derejede awtomatlaşdyrylan we kompýuterleşdirilen bu önümçilikler iň öňdebaryjy häzirki zaman tilsimatlary we enjamlary bilen abzallaşdyryldy. Ýurdumyzyň günbatar sebitinde ýod-brom, Garabogazyň tebigy duzlaryny, Magdanlynyň kaliý, selestin we beýleki magdanlaryny has doly we toplumlaýyn gaýtadan işlemek boýunça hem degişli işler ýola goýulýar.
«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň önümçilik kärhanalary bolan hem-de döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan Türkmenabatdaky himiýa zawodynyň, «Tejenkarbamid», «Marykarbamid», «Hazar» himiýa, «Balkanabat» we «Bereket» ýod zawodlarynyň, «Guwlyduz» kombinatynyň, «Maryazot» hem-de «Garabogazsulfat» önümçilik birleşikleriniň, Garlyk kaliý dag-magdan toplumynyň we «Dökünhimiýa» kärhanasynyň ýokary önümçilik netijelerini gazanyp, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga uly goşant goşýar.
Pudagyň kärhanalarynyň öndürýän esasy önümleri ýurdumyzyň obasenagat toplumy üçin niýetlenendir. Sebäbi, oba hojalygyny ösdürmäge ýardam etmek himiýa pudagynyň ileri tutulýan wezipesidir. Türkmenistanda öndürilýän mineral dökünleriň we himiýa önümleriniň halkara ölçeglere doly laýyk gelýändigi bizi hem guwandyrýar.
