Iki esse ýakymly zat, haýwanyň süňkleri ajaýyp görnüşde saklanyp galnypdyr. Onuň gapdalynda beýleki gazuw-agtaryş işleri hem badalga berildi, bu paleontologlaryň öňde başga-da köp gymmatly tapyndylaryň bardygyny görkezýär.
Takmynan 230 million ýyl ozal şol wagtky yklymyň günorta böleginde ýeke-täk ot bilen iýmitlenýän dinozawr aradan çykypdyr. Paleontologlaryň pikirine görä, ol deňziň kenarynda aradan çykypdyr. Millionlarça ýyldan soňra onuň galyndylary tapyldy.
Alymlar dinozawryň but süňküni häzirki Zimbabweniň çäklerinde akyp geçýän Kabora-Bassa derýasynyň basseýninde tapypdyrlar.
Şeýle hem alymlar 2012-nji ýylda Tanzaniýanyň çäklerinde irki döwürlere degişli dinozawrlaryň galyndylaryna duş gelipdir.
Uzynlygy 1,8 metre barabar bolan kiçijik dinozawr şeýle jandarlaryň irki döwürlerde ýaýramagynyň taryhy üçin möhüm ähmiýete eýe. Alymlar Afrikanyň iň irki dinozawrlary hakynda köp maglumata eýe däl, şonuň üçin täze açyş aýratyn gyzyklanma döredýär.
Şu wagta çenli takmynan 230 million ýyl ozal Ýer ýüzünde ýaşaýan iň gadymy dinozawrlaryň galyndylary Hindistandan birnäçe bölek nusgalary hasaba almasaň, diňe Argentinada we Braziliýada tapyldy.
Dinozawr latynça “deinos – gorkunç, howply” hem-de “sauros – suwulgan” sözlerinden emele gelipdir. Dünýäniň dürli ýerlerinde dinozawrlaryň aýak yzlary we süňkleri saklanyp galypdyr.
Saklanyp galan dinozawr süňklerini görkezýän muzeýler olaryň ululygynyň nähili bolandygyny bilmäge mümkinçilik berýär. Biziň ýurdumyzda Köýtendagyň demirgazyk-günbatar eňňidinde millionlarça ýyl ozal ýaşap geçen dinozawrlaryň aýak yzlary bar.
Dinozawrlaryň et hem-de ot bilen iýmitlenýän, uçýan, gury ýerde we suwda ýaşaýan görnüşleri bolupdyr.
Ozal tapylan dinozawrlaryň skeleti hem auksionlarda stylýar. Golaýda 150 million ýyllyk dinozawryň skeleti satyldy.
Italmaz Amanow,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
