JEMGYÝET

Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri ýokary derejedäki saparlary maslahatlaşdy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Söhbetdeşligiň başynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady.

Söhbetdeşler türkmen-özbek hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge degişli wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Öňde duran ýokary derejedäki duşuşyklaryň baý gün tertibine taýýarlyk meselelerine aýratyn üns berildi. Özara söwdanyň möçberlerini artdyrmak, senagat, energetika, ulag we oba hojalygy pudaklarynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, şeýle hem medeni-ynsanperwer alyş-çalöygy maksatnamasyny giňeltmek meselelerine garaldy.

Döwlet Baştutanlary sebit hyzmatdaşlygy babatda pikir alyşdylar. Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Samarkant sammitiniň önjeýli netijelerine ýokary baha berildi.

Telefon söhbetdeşliginiň ahyrynda Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentini we Türkmenistanyň halkyny golaýlap gelýän döwlet baýramy – Garaşsyzlyk güni bilen gutlady.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak barada resminama gol çekdi

Eýranyň ilçisi: türkmen-eýran serhedi hyzmatdaşlyk serhedi bolmagynda galýar

Türkmen halky Oraza we Milli bahar baýramynda 4 gün dynç alar

«Galkynyş» topary Bakudaky «Circus Sea Breeze» sirk arenasynda täsirli çykyşlary görkezdi

Ata Watan Eserleri

Beýkent uniwersitetinde türkmen ýaşlary üçin täze mümkinçilikler!  

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Hytaýda dostlukly saparda bolar