JEMGYÝET

Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady. Şeýle hem söhbetdeşligiň dowamynda türkmen-rus strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga bolan özara gyzyklanmalara uly kanagatlanma bildirildi.

Şeýle hem Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidentine doglan güni mynasybetli gutlag hatyny hem iberdi.

Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň gutlagynda: “Biziň golaýda Moskwada we Aşgabatda bolan duşuşyklarymyzy uly mähir bilen ýatlaýaryn. Iýun aýynda gol çekilen Rusisýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça Jarnama dürli ugurlarda özara bähbitli ikitaraplaýyn gatnaşyklary hil taýdan ösdürmek üçin şert döredýär.

Siziň bilen gepleşikleri dowam etdirmäge we dostlukly halklarymyzyň bähbidine, Merkezi Aziýada we Hazar sebitinde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy berkitmek üçin bilelikde işleşmäge şatdyryn”  – diýlip bellenilýär.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidentine doglan güni mynasybetli Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti  Şawkat Mirziýoýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow,  Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti  Seýed Ebrahim Raisi, Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany, tälimçi, kosmonawt synagçy, “Roskosmos” korporasiýasynyň kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenko ilkinjileriň hatarynda gutlag hatlaryny ugradypdyr.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak barada resminama gol çekdi

Eýranyň ilçisi: türkmen-eýran serhedi hyzmatdaşlyk serhedi bolmagynda galýar

Türkmen halky Oraza we Milli bahar baýramynda 4 gün dynç alar

«Galkynyş» topary Bakudaky «Circus Sea Breeze» sirk arenasynda täsirli çykyşlary görkezdi

Ata Watan Eserleri

Beýkent uniwersitetinde türkmen ýaşlary üçin täze mümkinçilikler!  

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Hytaýda dostlukly saparda bolar