SIZDEN GELENLER

Ahalteke atlary düýpli öwreniler

Häzirki wagtda döwlet tarapyndan yzygiderli tagalla edilmegi netijesinde ady rowaýata öwrülen we dünýä medeniýetinde mynasyp orun eýeleýän ahalteke bedewleriniň halkara giňişlikdäki abraýy barha belende göterilýär. Soňky ýyllarda ahalteke bedewlerine dünýä alymlary, taryhçylar, atşynaslar tarapyndan uly üns berilýär. Dünýä genji-hazynasynda ahalteke bedewleri türkmen halkynyň milli buýsanjydyr.

Ge.en hepdäniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna baryp, bu ýerde alnyp barylýan işler, seýisleriň, çapyksuwarlaryň zähmet we dynç alyş şertleri bilen tanyşdy. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda türkmen bedewleriniň şan-şöhraty dünýä dolýar.

Ahalteke bedewi özüniň taryhy Watanynda hakyky keşbine eýe boldy. Dünýä çempiony Ýanardag Türkmenistanyň Döwlet tugrasynyň merkezinde ýerleşdirildi we ol erkinligiň hem-de garaşsyzlygyň hemişelik nyşanyna öwrüldi. Şol döwürden naýbaşy tohumdaky atlary mundan beýläk-de artdyrmak, ony dünýä ýüzünde ýaýratmak we meşhur etmek babatdaky maksada okgunly tohumçylyk seçgi işlerine badalga berildi.

Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebiniň gurulýar.

Ahalteke atçylygyna ýöriteleşen ýokary okuw mekdebinde atçylyk, atly sport we syýahatçylyk, milli at üstündäki oýunlar boýunça hünärmenler bir ýere jemlenip, köpugurly hünärmen taýýarlygy ýola goýlar. Aýratyn-da, ýörite atçylyk ugry boýunça seleksionerler, genetikler, trawmatologlar, embriologlar taýýarlanylar. Bu ýokary okuw mekdebinde atçylyk, atlaryň tohumçylyk işi, genetikasy, köpeldilişi, iýmitlendirilişi, anatomiýasy, fiziologiýasy, at lukmançylygy, atly sport we syýahatçylyk, milli at üstündäki oýunlar barada çuň­laşdyrylan bilim berler.

Atçylyk ýokary okuw mekdebiniň binalar toplumynda ýaş talyplaryň okamagy we ýaşamagy üçin ähli şertler dörediler. Okuw otaglarynda sapak geçmek üçin zerur bolan enjamlar, kompýuterler, elektron tagtalar, mulýažlar (doň­durma heýkeljikler) we beýleki esbaplar ornaşdyrylar.

Ahalteke atçylyk ylmy-önümçilik merkezinde atçylyk ýokary okuw mekdebini tamamlan hünärmenler zähmet çekerler. Ol ýerde ahalteke atlarynyň beden we göwre gurluşynyň aýratynlyklary ylmy esasda öwreniler. Bu ylmy-önümçilik merkezi dünýä tejribesini öwrenmekde hem uly orny eýelär.

Rahym Handöwletow, 

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby. 

Ýene-de okaň

Zähmet okuwy – başarnygyň açary

Iňlis diliniň ähmiýeti

Saglyk — bagtyýarlygyň gözbaşy

Iňlis dili – halkara dil

Ata Watan Eserleri

Magtymguly Pyragy — beýik hormata mynasyp ussat

Ýylymyzyň şygary — kalbymyzyň şatlygy